- Ak sport aýakgabyny (keda) nahar sodasy bilen arassalaň. Ilki nahar sodasy hem-de biraz kir ýuwulýan serişdäniň garyndysy bilen aýakgabyň ýüzündäki kirini diş ýuwulýan çotganyň kömegi arkaly aýryň. Ikinji gezek arassalanyňyzdan soň, aýakgaby kir ýuwulýan enjama atyň. Netijesi göwnüňize ýarar.
- Mikrotolkunly peji näçe seresaply ulanylsa-da onuň iç ýüzünde ýuwup aýyrmasy kyn bolan ýagyň yzlary galýar. Mikrotolkunly pejiň içine bir käse suw goýup, birnäçe minut işlediň. Iç ýüzündäki ýelmeşen ýaglaryň, hapalaryň köp bölegi gopar we ony aýyrmak aňsatlaşar. Eger-de käsedäki suwa limon suwuny ýa-da uksus goşsaňyz, onda ýagy we hapany aýyrmak has-da aňsatlaşar.
- Kümşi arassalamak üçin adaty sodany ulanyp bilersiňiz. Arassalamak isleýän kümşüňizi alýumin folga kagyzyna dolap, bir gaba salmaly. Üstüne soda we duz garylan gaýnag suwy (50 gram sodany we 3 çaý çemçe duzy 1 litr gaýnag suw bilen garmaly) guýmaly. Birnäçe minutdan soňra geçen himiki reaksiýanyň netijesinde kümşüň ýüzündäki hapalaryň aýrylandygyny görersiňiz.
- Ütügi duz bilen arassalap bilersiňiz. Munuň üçin ütükleýän tagtaňyza kagyz ýazyp, üstüne duz sepmeli. Eger bug esasynda ütüklenýän ütük bolsa, onuň bugly ütüklenýän hyzmatyny öçürip hem-de onuň suwunyň ýokdugyna göz ýetirip, ýylylyk derejesini iň ýokary hyzmat düwmejigine getirip düzmeli-de, duzuň üstünde gyzdyrylan ütügi gezdirmeli. Şeýle ýagdaýda ol ýeňil arassalanar.
Aýna ÖWLÝAGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler