Lazerler lukmançylygyň gnikologiýa, urologiýa, dermatologiýa, stomatologiýa we beýleki ugurlarynda birnäçe onýyllyklaryň dowamyndan bäri ulanylyp gelinýär. Deri ulgamy fiziki faktorlara täsir etmek nukdaýnazaryndan bedende iň elýeterlisi bolany üçin, köp dermotologiki kesellerini lazer tehnologiýalary bilen bejermek maslahat berilýär. Lazerler pigment we deriniň zeperlenmelerini bejermekde hem gowy netije berýär. Lazer bejergisiniň esasy ýörelgesi, bir meseläniň ugruna gönükdirilendir. Ýagtylyk radiasiýasy keseliň ýaýramagynyň öňüni alýar, agryny, çişmegi aýyrýar, immun ulgamyny we gan aýlanyşy güýçlendirýär. Häzirki wagtda lazer bejergileriniň netijeliligini artdyrmak işlerinde onuň tolkun uzynlygyny belli bir mukdarda giňeltmek möhüm rol oýnaýar. Bu tehnologiýa lukmançylygyň dürli ugurlarynda çalt ösüşe mümkinçilik berýär. Lazerler görüşiň bozulmagyny, bogun kesellerini bejermekde giňden ulanylýar. Olardan başga-da fizioterapiýada, hirurgiýada we kosmetologiýada hem zerur bolup durýar.
Lazeriň taryhy 1916-njy ýyldan başlanýar. Bu döwürlerde alym Eýnşteýn radiasiýa bilen täsir edip biljek teoriýany teklip etdi. Bu teoriýa alymyň elektromagnit tolkun generatorlaryny we kwant güýçlendirijilerini ösdürip boljakdygyny öňe sürdi. 80-nji ýyllarda Parriş we Anderson fototermolis usulyny işläp taýýarladylar. SSSR-de ilkinji gezek lazer bilen hirurgiki bejergi Moskwanyň gözegçilik institutynda geçirildi.
Tehnologiýanyň aýratynlyklary:
– Amal wagtynda tehnologiýanyň beden üçin zyýansyzlygy;
– Lazerleriň ýaralardan gan akmagy bes etmekdäki mümkinçiligi;
– Radiasiýanyň steralizasiýa ukybyna eýe bolmagy;
– Şöhläniň käbir keselleri ýeňillik bilen çalt bejermekligi;
– Lazer bilen edilen işiň netijeliliginiň beýlekilerden ýokary bolmagy;
– Güýçli agyrylaryň bolmazlygy;
– Gan akmalaryň ýoklugy;
– Ýara yzlarynyň galmazlygy we başgalar.
Mähri DAŇATAROWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler