Uky — bu süňňümizde belli bir neýrofiziologiki, himiki, psihologiki üýtgemelere mümkinçilik berip, fiziki we emosional taýdan işe ukyplylygy ýokarlandyrýar. Ukynyň dowamlylygy bir gije-gündizde 8 sagat bolmaly diýlen kesgitleme hem bar. Dürli ýurtlaryň alymlarynyň barlaglarynyň netijesinde doly ukusyny almaýan we köp uklaýan adamlarda dürli keselleriň ýüze çykmasy ýitileşýär. Ukynyň bozulmagy keseliň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler diýip aýtmak örän kyn mesele. Gysga wagtlaýyn uky diýlip 6 sagatdan az bolsa, bolmalysyndan köp uky diýlip 9 — 10 sagatdan köp bolsa aýdylýar. Uly adamda kadaly ukynyň dowamlylygy bir gije-gündizde 7 — 8 sagada deň. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, zenanlara goşmaça 1 sagat uky bermek maslahat berilýär, sebäbi olaryň erkek adama garanyňda emosional ýagdaýy ýokary bolýar. Ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik çagalara gijesine 11 sagat uklamak, kiçi çagalara 18 sagat uklamak maslahat berilýär.
Birnäçe barlaglaryň esasynda ukusyzlykdan ejir çekýän adamlarda süýji keseliniň, semizligiň, gan basyşyň ýokarlanmasynyň we ýürek-damar ulgamynyň näsaglamasynyň köp duş gelýändigi anyklanyldy. Yzygiderli birnäçe gije ukudan galmak sagdyn adamy süýji keseliniň öň ýanyndaky ýagdaýa getirýär. Ukusyzlykda bedeniň ganyndaky glýukozanyň sazlaýjylygy peselýär. Şeýle hem, waksinanyň täsiri peselýär, doly immunitet emele gelmeýär. Ukusyzlykda bedeniň ýag öýjükleri açlyga jogap berýän grelin-gormony köp öndürýär, dokluga jogap berýän leptin-gormony bolsa az öndürýär we netijede az ýatýan adamlarda semizlik keseliniň döreme howpy ýüze çykýar.
Hünärmenleriň maslahat bermegine görä, iýmiti ýatmazdan 3 — 4 sagat öň iýmeli. Şeýlelikde, kuwwatyňy iýmit siňdirmäge sarp etmän tutuş bedeni dynç almaga taýýarlamaly, şunda adam çalt uklaýar. Alymlar arkan ýatmagyň uky üçin iň gowy ýagdaýdygyny belläp geçýärler.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýatmazdan öň rahatlandyryjy saz diňlemek hem uklamaga köp ýardam edýär. Diýmek, ukynyň peýdaly düzgünleri berjaý edilende adam doly dynç alyp, beden, ruhy we duýgy taýdan dikelýär, pugtalanýar.
Gülbahar AÝLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler