Hoşboý ysly narpyz otuny tanamaýanlar, ony gündelik durmuşynda ulanmaýanlar az-azdyr. Daglyk ýerlerde narpyzyň ýabany görnüşlerine köp gabat gelmek bolýar. Häzirki wagtda ol şahsy hojalyklarda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Lukmançylykda hem-de halk tebipçiliginde giňden ulanylýan narpyzyň saglyk üçin örän peýdalydygyny durmuş hakykaty subut edip gelýär. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, demir, sink, mis ýaly dürli peýdaly himiki elementler we witaminler bar. Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, damarlary giňeldýär. Bu ösümlik ýürek-damar, nerw ulgamlarynda hem peýdalydyr. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanylan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda narpyzyň peýdaly aýratynlyklary hakynda: «Otunyň peti — garaguş keselinde, aşgazan sanjysynda, gusmakda, diareýada, respirator ýokanjynda,guragyryda, başly stomatitde, diş agyryda, meteorizmde peýdalanylýar. Narpyzyň jöwheri diuretik, agyryny aýryjy, antiseptiki, iç sürüji serişde, öýken inçe keselinde, gastritde, dermatomikozda haýyrlanylýar» diýlip, bellenilýär.
Ajy narpyzyň düzümindäki efir ýagy lukmançylykda, parfýumeriýada, süýji-köke önümçiliginde ulanylýar. Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeler, antiseptik, sowuklamanyň garşysyna şerbetler has irki wagtlardan bäri peýdalanylýar. Lukmançylyk tejribesinde, esasan, mentol ulanylýar.
Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi gowulandyrýar. Ol ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda hem bronhitde ulanylýar. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar. Her gün irden demlenip taýýarlanan narpyz çaýyny içmek maslahat berilýär.
Oguljeren AKMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler