Hemme döwürde-de suw barada we onuň adam bedeni üçin ähmiýeti dogrusynda köp maglumatlar bolan, aýratyn hem, lukmançylyk ulgamynda suwuň täsirine gadym döwürlerden bäri üns berýärler. Suwuň akymyna gözegçilik etmek bilen, adamlar özüniň nerw we psihiki dartgynlylygyny aýryp bilýändigini alymlar tassykladylar.
Içilýän suwuň mukdary ýeterlik bolmaly, ortaça ol günde 2-3 litr töweregi içilmeli. Sagdyn iýmitlenmek hem-de ýeterlik mukdarda arassa suw içmek adam bedeni üçin esasy zerurlyklardyr. Suw adamyň aşgazan-içege ulgamynyň işjeňligini gowulandyryp, ony arassalaýar.
Hiç bir içgi suwuň ornuny tutup bilmez. Onuň sebäbi arassa, gaýnamadyk suwuň pH görkezijisi 7,45-e deň bolup, adamyň gandaky görkezijisine golaýlaşýar. Çaýda bu görkeziji 5,0-6,0-a deň, tebigy, hakyky şirelerde 4,0-5,0; gazly içgide 2,0-3,0-e deňdir. Diýmek, şeýle içgileri suwuň ýerine aşa ulansaň, ol ganyň düzüminiň turşulyk tarapa üýtgemegine getirýär.
Suwuň öwezi doldurylmadyk ýagdaýda öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar, gan şepbeşik bolýar, içki agzalaryň hemmesine, esasan hem, beýnä, ýürege, böwrege aşa agram düşýär. Suwy öňüni alyş ýa-da bejeriş maksatlary bilen hemme näsaglar peýdalansa, esasan hem, ýiti ýokanç kesellerde, öýken sowuklamada, içege bozulmalarynda ulansaň, birtopar dartgynly ýagdaýyň öňüni alýar.
Ogulnur MUSTAFAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler