(Şahyrana oýlanma)
Pikir oýlaryna çümüp, hyýallara atlananymda asla unudyp bolmajak günleriň biri ýadyma düşýär. Hatda şol gün ýer ýüzünde ýaşap ýören adaty ynsan üçin durmuş öwrümleriniň biri bolan ajaýyp gün diýsek hem ýalňyşmarys. Çünki durmuşda hakykatdan ýaşamak, diňe bir okamak, öwrenmek däl eýsem gözlemek, tapmak, döretmek we paýlamak hem biz ýaş deň-duşlara degişli ahbetin. Durmuşda ukyp- başarnyklarymyza görä, yz goýup boljak, geljekki nesillere ýagşy at galdyryp ýagşylykda özüňi tanatmak her bir adamyň arzuwydyr. Diňe bir arzuw bolup galmasy däl, eýsem hakykata öwrülişini duýmak we synlamak has ýakymly. Belkide men ýaş talyp gyzynyň eser döredip, hat-da kitap hem ýazyp biljekligimiň oýuna garylyp aýdylsa-da çyn ýürekden sözlensede bu pikiriň orta atylmasy, 1 hem däl 3 adamyň 1 günde aýtmagy tötänleýin däl bolsa gerek. Durmuşda hiç bir zat tötänleýin bolmaýar. Buda göz ýetirilen hakykatlaryň biri. Şeýlelikde mundan beýläk durmuşda göterýän ýükümi ýeňletmäge, içimdäki kiçijek dünýämi sahypalara aýan edip rahatlamaga indi wagt boldy. Çünki dünýä akyl ýetirip, adam ogluna peýdaly ynsan bolmaly diýen pikir döräli bäri bu durmuşa, bu Watana her bir raýat özüni borçly hasap edýär. Bu ýaşaýşa hiç bir ynsan balasy ýöne ýere gelmeýär, bu toprakda ýöne ýere dogulmaýar. Her bir kişiniň bu ýer ýüzünde öňünde goýan uly maksatlary bar. Belkide bu ýerdäki wezipämiz elimizden geleniň iň gowusyny edip, ykballara öz täsirimizi ýetirmek, olaryň durmuşlaryny gözelleşdirip bilmekdir. Şeýle hem olaryň içindäki ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat. Her bir kiçi ädimler uly üstünlige eltýär. Ýöne bu gün başgalaryň däl, eýsem öz iç sesimizi diňläp özümizdäki yşygy daşary şöhlelendirmäge ýol görkezildi. We oňada sagbolsun institutymyzdaky halypa mugallymlarymyz ýardam etdi. Adam ogly haçanda yhlasyna görä gözlegleri netije berip ugranda üstünlige barýan ýollaryň özleri ýuwaş-ýuwaşdan açylyp, hemme zat ugruna bolup gidiberýär. Hat-da sen üstünlige ýetmäge bolan ymtylyşyň gowşabereninde hem gelip bilýär eken. Şol gözlegleriň netijesinde bir pellehana ýetmekde saňa islendik zat ýa bir aýdymdan, ýa bir filmden, ýa-da bir ynsandan, käte bir aýtgydan hem gelip bilýär. Ylham bolsa “Bendäm bendäme sebäp” diýlişi ýaly, ylymdan ýüki ýetik halypalardyr, mugallymlardan geldi. Goşa-goşadan çüwen maňlaýym, diňe bir özümde bar bolan ýazyjylyk başarnygymy ýüze çykarmak bilen çäklenmän eýsem, wagt taýdan hem şeýle ýerine düşdi. Ynam adamy özgerdýär. Ynam-ynsan gatnaşyklarynyň söýesi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” ýaşlara bildirýän uly ynamyň döwrüdir. Meniň üçin şu ýylda şu ynamy ödäp bilmek, bahasyna ýetip bolmajak uly baýlyk, genji-hazyna barabardyr.
Orazgül GARAHANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler