Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bölüm müdiri Altyn Rahmanowanyň ýolbaşçylyk etmeginde maklýura agajyndan melhem almak işini patentleşdirmegi maksat edinýärler. Bellenişi ýaly, degişli melhem ýara çişmesini tiz wagtda bejermäge ukyplydyr.
Häzirki wagtda türkmen alymlary bu boýunça barlaglary alyp barýarlar. Lukmançylygyň ylmy çeşmelerinde bu bagyň bejeriijilik häsiýetleri barada täsin maglumatlar bar. Bellenişi ýaly, ol düwnük, Alsgeýmer, prostit we hatda nesil önümsizligi ýaly kesellere hem emdir. Türkmenistanda ösýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti ýüze çykarmakda we derman senagatynda netijeli ulanmak üçin uly işler alnyp barylýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Makluýra ýa-da “ýalan apelsin” ýa-da “Adam almasy” Türkmenistanda iň köp duş gelýän gyrymsy agaçlaryň biridir. Olary esasan şäher we ilatly ýerlerde görmek bolýar. Güýz aýlarynda bu bagyň ýaşyl we sary öwüsýän tokga miwelerini görmek bolýar. Onuň miwesinden çykýan ak reňkli suwuklygy gaýtadan işlemek arkaly dermatit, ekzem, radikulit, rewmatizm, poliartrit we beýleki kesellerde derman serişdesini taýýarlap bolýar. Maklýuranyň miwesiniň suwuklygyndan ösen döwletlerde antibiotikler hem taýýarlanylýar. Şeýle hem, ondan bedeniň ýüzündäki ýaralary bejermek üçin melhem hem taýýarlap bolýar. Ol dürli ýurtlarda bejeriş serişdesi hökmünde hem ulanylýar.
Oguljemal BOZAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler