Maliýe howpsuzlygy boýunça III Halkara olimpiadasy Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirildi

Ýaňy ýakynda geçirilen bu ýyldaky halkara bäsleşigine dünýäniň 19 ýurdundan 500 golaý talyp we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. GDA ýurtlaryndan şol sanda Türkmenistandan, Braziliýadan, Hindistandan, Hytaýdan Günorta Afrika respublikasyndan, Alžirden, Wenesueladan, Wýetnamdan, Eýrandan, Kubadan, Namibiýadan, Pakistandan toparlar öz aralarynda bäsleşdiler. Jemi 105 sany talyp ýeňiji bolmagy başardy.

Ýurdumyzyň ministrliklerinden we ýokary okuw mekdeplerinden 10 talypdan ybarat bolan topar deslapky tapgyra gatnaşdy. Jemleýji tapgyra gatnaşmak hukugyny gazanan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary «Ykdysadyýet, maliýe we karz», «Hukuk», «Maglumat howpsuzlygy», we «Halkara gatnaşyklary» atly taýýarlygyň 4 ugry boýunça çykyş etdiler.

Halkara derejesinde geçirilen olimpiadanyň soňky hepdesinde 60 dürli gyzykly hünär sapaklaryna, panel duşuşyklaryna, ykdysadyýet meselelerini çözmek boýunça oýunlara gatnaşdylar. Şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň sergilerine tomaşa etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça:Begli Berdimyradow Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň Halkara maliýe hünäriniň 4-nji ýyl talyby, Meýlis Hojamyradow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 5-nji ýyl talyby, «Ykdysadyýet, maliýe we karz» ugry boýunça, Daýanç Hydyrow Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby «Halkara gatnaşyklary» ugry boýunça II derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Bu bäsleşik 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok