“Mahmal sesli, talyp gyz”

”Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy”döwründe kalbynda sungata bolan çäksiz söýgüsi gaýnap-joşýan ýaşlaryň aýdym-saza,döredijilige bolan ukyplary ýüze çykarmakda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem -de Arkadagly Gahryman Serdarymyz giň mümkinçilikleri döredip berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ençeme zehinli ýaşlar ýurdumyzda hem-de Halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!”atly  bäsleşiginiň ýeňijileriniň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ”Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň IV ýyl talyby Göwher Tuhyýewa bilen söhbetdeşlik geçirdik.

–  Göwher, ilki bilen sizi ýeňişiňiz bilen gutlaýan!

– Sag boluň! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry”bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana,bagşy!” atly  bäsleşiginiň  ýeňijisi bolmak bagty Gahryman Arkadagymyzyň hem -de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda maňa hem miýesser etdi.

– Siziň ilkinji halypaňyz kim?

– Meniň ilkinji halypam Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki Çagalar sungat mekdebiniň “Bagşy” hünäriniň mugallymy Şöhrat Taganow boldy.  Men şol çagalar sazçylyk sungat mekdebine 2010-njy ýylda  okuwa giripdim we şol mugallymda okap,  ilkinji tälimlerimi aldym.

– Göwher, ilkinji haýsy eserleri ýerine ýetirdiňiz?

– Meniň ilkinji ýerine ýetiren eserlerim salyr-saryk ýolundan “Durnalar”, ”Dutarym”, ”Oba gyzlary”, ”Aý joram” ýaly aýdymlary bolup, başga-da onuň daşyndan birnäçe halk sazlary  hem ýerine ýetirýärdik.

– Bagşyçylyk sungatyndan başga,sungatyň haýsy görnüşleri bilen meşgullanýarsyňyz?

– Bagşyçylyk sungatyndan başga, türkmeniň milli senedi bolan gargy tüýdük saz guraly bilen meşgullanýaryn!

– Türkmeniň milli senedi bolan gargy tüýdük saz guraly boýunça  tälim alan halypaňyz boldymy hem-de ýerine ýetiren eserleriňiz barada gürrüň berseňiz?

– Gargy tüýdik saz guraly boýunça ilkinji tälim alan halypam Seýitnur Ýakubowdyr. Ol bu saz guralynyň inçe tilsimlerini, tärlerini maňa öwretdi. Bu saz gural  çylşyrymly saz gurallaryň biri bolup, ussatlygy talap edýär.Ýagny, gargy tüýdükden ses almak ilki-ilkiler kyn düşýär. Ýöne şonda-da maksadaokgunlylygyňy, ünsüňi, çeýeligiňi elden bermeli däl. Bu saz guralda ilkinji ýerine ýetiren eserlerim: ”Läle”, ”Nasrowjan”, ”Nar agajy” ýaly sazlar bolup durýar.

– Durmuşyňyzda nähili gyzykly pursatlary başdan geçirdiňiz?

– Durmuşymda birnäçe ýatdan çykmajak gyzykly pursatlardyr wakalar bolup geçdi. Olar barada aýtsam, ýagny 2015-nji ýylda geçirilen  “Ýaňlan diýarym!” atly telebäsleşiginiň Mary welaýatynyň etraplarynyň arasynda geçirilen tapgyrynda hormat haty bilen sylaglandym. 2016-njy ýylda bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndakyTürkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girdim. Bu ýerde hem men birnäçe ýoluň aýdymlary bilen tanyşdym we öwrendim. 2019-njy ýylyň noýabr aýynda şol okuw jaýynda,  ýagny Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýan wagtym Türkmenistanyň halk bagşysy Gülşirin Alyjanowa myhmançylykda boldy, onuň bilen döredijilik duşuşygy geçirildi, ol bu duşuşykda birnäçe gyzykly gürrüňleri, maslahatlaryny aýtdy hem-de aýdym aýtmagyň inçe ýollaryny öwretdi. Soňra bolsa ol ýörite biziň okuwymyza ”Altyn” reňkli fondan (CD) diskiniň ýazgysyny sowgat etdi. Durmuşymda ýenede bagtly pursatlaryň biri bolsa 2020-nji ýylda bolup geçdi. Ýagny men Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girip, bu ýokary okuw jaýynyň talyby bolmak hem maňa miýesser etdi. Bu pursatlar durmuşymda hiç haçan ýatdan çykmajak gyzykly pursatlaryň biri boldy.

– Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okan döwrüňizde haýsy halypadan tälim aldyňyz?

– MenMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okan döwrümde Serdar Baýramowdan Ahal ýoly boýunça tälim aldym. Halypam Ahal ýolunyň inçe syrlaryny we tärlerini  ussatlyk bilen maňa öwretdi. Ahal ýolundan men : “Ýar gara gözli”, “Jan- jan”, “Ýetişsem”, “Nowgül” ýaly birnäçe halk aýdymlaryny ýerine ýetirdim.

– Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda haýsy halypadan tälim alýarsyňyz?

– Men, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewden tälim alýaryn. Häli häzirler hem halypamdan salyr-saryk ýolunyň inçe syrlaryny, usullaryny öwrenýärin.

Göwher, ilki bilen sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana,bagşy!”atly bäsleşikdäki ýeňişiňiz bilen men hem öz gezegimde gutlaýaryn. Siz bu bäsleşikde haýsy eser bilen çykyş etdiňiz?

– Sag boluň! Şular ýaly şa serpaýly ýeňişleri size hem-de ähli talyp deň duşlarymyza hem arzuw etýän. Men bu bäsleşikde, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen “Çalsana,bagşy!” atly bäsleşiginde halypam “Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýewiň öwreden “Köne güzer” atly halk aýdymy bilen çykyş etdim. Bu aýdym dürli ýollarda hem ýerine ýetirilip, men salyr-saryk görnüşinde çykyş etdim. Bu eser meniň üçin ýatdan çykmajak şowly eserleriň biridir. Şular ýaly bäsleşiklerde ýeňiji bolanym üçin men özümi diýseň bagtly saýýaryn!

– Sag boluň! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun.Ýeňişleriňiziň höwri köp bolsun. Elmydama mahmal sesiňiz belentden belent ýaňlansyn.

– Sag boluň! Sözümiň soňunda bize okamaga, öwrenmäge, döretmäge  hem-de şular ýaly baslesiklerde çykyş edip, özümizi görkezip tanatmaga biz ýaşlara şeýle uly mümkinçilik berýän Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de peder ýoluny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp kalbymdan sag bolsunlarymy aýtýaryn. Goý,olaryň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Hawa, sag boluň Göwher. Men hem öz gezegimde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip  berýänligi üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýaryn.Goý,olaryň janlary sag, başlary dik, alyp barýan işlerinde elmydama uly üstünlikler arzuw edýärin. Sag boluň!

Gepleşigi taýýarlan: Osman Sapargeldiýew,
“Halk sazy” fakultetiniň III talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok