Bathyzda gaplaňyň seýrek duşýan görnüşi wideo ýazgy edildi

Türkmenistanda “NarynTR” ady bilen giňden tanalýan ekobloger Bathyz goraghanasynda Gyzyl kitaba giren pars gaplaňynyň maşgalasyny wideo ýazgy etmegi başardy. Ýerli tebigaty surata düşürmek üçin oturdylan surata alyjy enjamda düşürilen gaýtalanmajak kadrlar “X” sosial ulgamynda halk köpçüligi bilen paýlaşyldy.

Bu wideoşekiller uly meşhurlyga eýe boldy. Hatda ony Hindistanyň Parwin Kaswan adyndaky Tokaý gullugy soňra NDTV teleýaýlymy hem görkezdi. Türkmenistanda düşürilen bu wideoşekil dünýä jemgyýetçiliginde, hususan-da ekologlaryň arasynda uly seslenme döretdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.

2005-nji ýylda hasaba alnyşyna görä, bu görnüşli gaplaňlaryň dünýäde 1 müň 300 töweregi galypdyr. Şolaryň 70 göterimi Eýranyň Eýranda, 30 göterimi hem Türkmenistanda we oňa golaý sebitlerde ýaşaýar.

Ybraýym GURBANMYRADOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok