Bilşimiz ýaly, gurulmagyna dört ýyldan gowrak sarp edilen wagt öz ýerine düşdi. Göwünleri galkyndyryjy, gözleri guwandyryjy bir ajaýyp şäher emele geldi. Bu şäher ýagtylyga çykýan ýol bilen uzalýar. Arkadag şäherine girip bardygyňça “Akhan” binasy gollaryny giňden açyp güler – ýüz bilen garşy alýar. Şäheriň tämiz howasyndan dem aldygyňça ruhuň beýgelýär. şäheriň irdenki tämiz howasy adamyň süňňüne päklik berýär. Şol päklik bolsa her bir ynsany şäheriň ýodalary boýlap seýle çagyrýar.
Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlary, okamak, döretmek üçin gurlup berlen kitaphanalar, raýatlaryň saglygyny goramak maksadynda göz öňünde tutulan keselhanalar we şypahanalar, dynç alyş merkezleri raýatlaryň saglygyny berkitmek üçin niýetlenendir.
Ýaşlaryň okap bilim almaklary üçin bolsa mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda sanly bilim ulgamy hökmünde ähli täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp geljekki nesilleriň aň – paýhaslylygynyň kämil derejede ösmegine goşant goşýarlar.
Arkadag şäheri kalplara ruhubelentlik şöhlesini çaýýan şam-çyragdyr. Arkadag atly ajaýyp şäher ertekilerdäki ýaly täsinliklere beslenendir. Ak mermerden bina edilen bu şäherde diňe durmuşyň gözel möwsümlerini görmek bolýar. Bizi şeýle nurana durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden sag bolsunymyzy aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara we üstünliklere beslensin.
Aýjeren DODYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler