Kabul TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamaga taýýarlyk görýär

Kabul Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy üçin ýeri bölüp bermek boýunça çözgüdi kabul edendigini we taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirip başlamaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada “TOLOnews” owgan neşiri habar berýär.

Owganystanyň Dag magdan senagaty we nebit ministrliginiň metbugat sekretary Humaýun Afgan «Ýurtda howpsuzlygyň üpjün edilendigini, şeýle hem Yslam Emirliginiň taslama başlamaga taýýarydygyny» mälim etdi. Humaýun Afgan şeýle hem, degişli taslamany Owganystanda durmuşa geçirmek işini ilerletmekde Türkmenistanyň goşandyny hem nygtap geçdi we ýurduň bu babatdaky işlere başlamaga taýýardygyny aýdýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasy ykdysady ösüş we ilat üçin iş ýerlerini döretmek üçin örän wajyp taslamalaryň biri hasaplanylýar. Jemi 1814 kilometre uzaýan gaz geçirijiniň 735 kilometri Owganystanyň çäginden geçmegi göz öňünde tutulýar. Onuň durmuşa geçirilmegi bilen Owganystan ýylda 400 million dollardan gowrak girdeji gazanyp biler. Ýurduň ilaty üçin müňlerçe goşmaça iş orunlary bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi Owganystana «mawy ýangyjyň» üstaşyr geçirilmeginden düýpli girdeji getirer.

TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda başlanyp, häzirki wagta çenli tamamlandy diýen ýaly.

Jelaleddin HOJAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok