Bilim — menzilleriň röwşen şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkyň belent maksatlary myrat tapýar, beýik işleri rowaçlyklara beslenýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan bilim özgertmeleriniň netijesinde, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi döredildi, ozal bar bolanlarynyň täze binalary guruldy. Talyp orunlary artdyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýaly beýik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowamat dowam tapýandygy gurmagyň we döretmegiň ýolunda täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly aýratynlygy ylym-bilim ulgamynyň has oýlanyşykly ösdürilmeginde, ykdysady kuwwatyň ylmy taýdan esaslandyrylyp, netijeli ulanylmagynda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagynda, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň işiniň kämilleşdirilmeginde aýdyň duýulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş depgininiň ýokary derejelere eýe bolýandygyny, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirýändigini aýdyň beýan edýär. Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Şeker KADYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok