Akyl-paýhas bäsleşiginiň täze möwsüminiň ilkinji oýny geçirildi

Hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi “Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy” atly şygar astynda geçirilýär. I saýlama oýnunyň temasy bolsa, «Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklar» diýlip atlandyryldy.

Netijede, Aşgabat şäheriniň 108-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Güljemal Orazowa hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep internatynyň 10-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew I saýlama oýnuň ýeňijileri bolup, bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeri gelende bellesek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi mekdep okuwçylaryna geljekde halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmaga giňden ýardam edýär. Häzirki wagtda I we II möwsüme gatnaşyjylaryň 20-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda okap bilim alýarlar.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok