Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin ýerden rejeli peýdalanmagyň wajypdygyny yzygider nygtaýar. Sebitlerde ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şorlaşan ýerleriň melioratiw we ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmak bilen bagly möhüm işler geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin dökünleri peýdalanmak we ekin dolanşygyny ornaşdyrmak, şorlaşan ýerleri dikeltmek we ekin meýdanlarynyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, Aral deňziniň sebitiň topragyna edýän täsirini, dökünleriň ulanylyşynyň, şeýle hem tarp ýerleri özleşdirmegiň wajyp meseleleri boýunça degişli çäreler görülýär. Topragyň gurply, ýokary hasyl berijilik mümkinçiligini hemişe saklamak, daşky gurşawy goramak üçin ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagyň usullary işlenip düzülýär. Ýer serişdelerini dolandyrmaga, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmaga, suwaryş ulgamlaryny gurmaga toplumlaýyn çemeleşme zerur bolup durýar. Ekin meýdanlary suwarylanda, ekinleriň dürli görnüşleri üçin suwuň sarp edilişini hem-de ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak möhümdir.
Suwarymly ýerleri netijeli we ylmy taýdan peýdalanmak babatda topragy öwrenijiler topragyň düzümini kesgitlemegiň möhüm ýollaryny öwrenýärler. Bu ugurda iri taslama bolan “Altyn asyr” türkmen kölüniň ähmiýeti diýseň uly bolup durýar. Bu ägirt uly gidrotehniki taslamanyň ekologiýa taýdan hem roly uly bolup, tutuş sebitde ekologiki ýagdaýyň durnuklylygyny saklamaga we daşky gurşawyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýerasty suwlarynyň derejesini peseltmäge hem-de şorlaşmagy azaltmaga ýardam edýär. Netijede toprak gurplanyp, ekerançylyk üçin oňaýly şertler emele gelýär.
Häzirki wagtda çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek global häsiýete hem eýe. Şol nukdaýnazardan hem, dürli sebitiň şertleri üçin ulanyp boljak we şorlaşma garşy göreşmeklige ukyply ekinleri ekmeklik hem-de topragyň hasyllygyny dikeltmek boýunça gözleg işlerini alyp barmaklyk tutuş umumadamzat ähmiýetli mesele bolup çykyş edýär. Ýerleri gurplandyrmakda, ýer serişdelerini aýawly saklamakda fitomelioratiw usullary ulanmaklyk hem gowy netijeleri berýär. Ýagny ösümlikleriň şora garşy durnukly görnüşleri bolan galofit ösümlikleri ekmek arkaly topragy berkitmek häzirki wagtda giňden ýola goýulýar. Şeýle hem ýerlerde şora durnukly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek ýerasty suwlaryň derejesini azaltmaga hem mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Oba hojalyk maksatly ýerleriň ýagdaýyny ýuwaş-ýuwaşdan gowulandyrmak bilen, ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýaramly ýerleriň gerimi hem giňeýär. Bularyň ählisi hem, ýurdumyzy ösdürmeklige, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanmaklyga goşant bolup hyzmat edýär.
Ejeş MEREDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
4-nji ýyl talyby.
Teswirler