25-26-njy oktýabrda Astrahanda «Demigrazyk — Günorta» HUG — täze konsepsiýa» atly halkara forum geçiriler. Foruma 150-den gowrak kompaniýadan, şol sanda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Özbegistandan, Hindistandan, Pakistandan, BAE-den we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşarlar. Gatnaşyjylar ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar, şeýle-de «Demirgazyk — Günorta» HUG taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly amaly meseleler boýunça pikir alşarlar.
25-nji oktýabrda forumyň dört sessiýasy geçirilip, olaryň çäklerinde hünärmenler täze bazarlar, söwda dolanyşygy we üstaşyr geçelgeler boýunça tekliplere serederler, şeýle hem «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň täze konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşarlar. Mundan başga-da, kompaniýalaryň maýa goýum şertnamalaryna gol çekmeklerine garaşylýar.
26-njy oktýabrda gatnaşyjylar sebitdäki kärhanalar bilen tanyşarlar we Astrahanyň portlaryna we «Lotos» gämi gurluşyk zawodyna baryp görerler.
Ýeri gelende belläp geçsek, bu halkara forum Astrahan oblastynyň Hökümeti, «RusIranExpo» kompaniýalar topary hem-de «Demirgazyk — Günorta» Hazar halkara integrasiýa kluby tarapyndan bilelikde guralýar.
Jumageldi NURGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler