Saýawanlaryň döreýiş taryhy

Saýawana köpsanly halklaryň dilinde «zont» diýilýär. Bu söz bolsa niderlandlaryň «zonnedoek», «zondek» diýen sözlerinden gelip çykyp, asylky manysynda «Günden goranmak» diýmegi aňladýar. Şol sebäpden hem taryhy maglumatlara görä, ilkinji saýawanlar ýagyşdan däl-de, Günden goranmak üçin ýörite döredilipdir. Soňlugy bilen bolsa saýawanlar kelläniň üstünde saklamak üçin niýetlenen hasa oturdylan demir simlerden ýasalan çarçuwanyň üstünde ýazylýan sintetik, suw geçirmeýän materialdan (neýlon, poliamid) ybarat bolupdyr. Aslynda, saýawan biziň eýýamymyzdan öňki XI asyrda hem bar eken. Şol wagtky saýawanlaryň beýikligi 1,5 metr bolup, agramy 2 kilogram töweregi bolupdyr. Biraz soňraky döwürde saýawan Hindistanda baýlygyň we güýç-kuwwatlylygyň nyşany hasaplanypdyr.

Gün şöhlesinden goraýjy ilkinji saýawanlar 4 müň ýyl mundan öň gadymy Müsürde peýda bolupdyr. Ilkibaşda olary ýönekeýje edip ýasapdyrlar. Ol iki gatdan ybarat bolup, ýokarsy palma agajynyň ýapragyndan, ýagny, Günden goraýjy, aşaky gatlagy bolsa ýapraklary saklamak üçin tutawaç taýakdan durýar eken.

Ilkinji suwa çydamly saýawanlar Hytaýda XI asyrda ýüze çykypdyr. Olar ýüpek matadan bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar Ýewropa ýurtlarynyň aglabasyna ýaýrapdyr. Şol ýyllarda gadymy Gresiýada hem-de Italiýada saýawanlar aýal-gyzlar tarapyndan bezeg hökmünde ulanylypdyr. Saýawanlaryň ýapylyp-açylmak mümkinçiligi hem bolupdyr. Käwagtlar bolsa olar Gün şöhlesinden goranmak maksady bilen at goşulgy araba ýa-da paýtuna berkidilipdir.

1969-njy ýylda bolsa Bred Filips döwrebap, häzirki görnüşine eýe bolan saýawanlary döredip, patent alýar. 1970-nji ýylda bolsa olar «Totes» haryt nyşany bilen satuwa çykaryldy. Bu hem häzire çenli adamzat jemgyýetine giňden hyzmat edip gelen häzirki zaman saýawanlaryna başlangyç bolup, bütin dünýä giňden ýaýraýar.

Şasenem ANNAGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok