Sanly bilim – döwrebap ugur

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi geljekde has-da rowaçlandyrmagyň esasy hökmünde eziz Watanymyzyň bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeler üstünlikli amal edilip, öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlaryň täze nusgalaryny kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýän täzeçil tehnikalaryň ulanylmagyna gönükdirilendir.

Bilim edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmek, zerur bolan maglumatlar bilen üpjün etmek, okuw işinde sanly serişdeleri giňden ulanmak arkaly berilýän bilimiň mazmunyny ýokarlandyrmak onuň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegine şert döredýär. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak, bu ulgamda dünýäniň ylmy merkezleriniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alyp, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen utgaşdyrylýar. Bu bolsa geçilýän okuw sapaklaryny has hem ýokary hilli ýagdaýda netijeli guramaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de okuw işiniň hilini ýokarlandyrmak üçin köpsanly programma üpjünçiligi hem ulanylýar. Munuň özi ýaş nesli bilim almak, ylmy gözlegleri alyp barmaga, ylmy täzelikler bilen tanyşmaga hem meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, sanly maglumatlary elýeterli peýdalanmaga itergi berýär. Dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň innowasion işleriniň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän milli bilim ulgamyny döretmek wezipesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýola goýulýan işleriň möhüm ugry bolup çykyş edýär.
Çünki sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamynda täzeçillikleriň artmagy hem döwrüň talaby ukyply, ýokary derejeli hünärmenlere bolan zerurlygy hem artdyrýar. Soňky ýyllarda elektron taýdan bilim bermek babatda häzirki zaman hyzmatlary we maglumatlary, okuw gollanmalary, wideo we audioserişdeleri, elektron kitaplary işlenip taýýarlanylýar. Jemgyýetçilik durmuşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ähli düzümleýin bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, programma üpjünçiliginiň toplumlaýyn gowulandyrylmagy sanly tehnologiýalary özleşdirmek bilen ýaş nesliň bilim derejesini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we sanly ugra gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga ýol açýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok