Ykdysadyýetiň kuwwatly ugry bolan oba hojalyk toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ol hem halk hojalygynyň ähli pudaklaryny döwrebap derejede özgertmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Oba hojalyk pudagynda ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeler pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerine sanly tehnologiýalary, sanly enjamlary giňden ornaşdyrmaga we netijede ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga itergi berýär. Häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine yzygiderli geçilmegi, hususyýetçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde toplumda oňyn netijeleri gazanmak işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu babatda zerur şertleriň döredilmegi bilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikler kemala gelýär, azyk bolçulygyny üpjün etmek, azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak amal edilýär, özümizde öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam edýän ugurdaş önümçilikleriň sany has-da artýar. Şeýle hem dürli oba hojalyk önümlerini, gök önümleri we miweleri ýetişdirmäge ylmy taýdan çemeleşmek zerur bolup, gök önümleri gaýtadan işleýän ulgamyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak ýola goýulýar.
Suw hem-de ýer serişdelerini rejeli ulanmaga, ekin meýdanlaryny suwarmak we ulanmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullar pudaga ornaşdyrylýar, bu bolsa döwrüň zerur talaby bolan täzeçil tehnologiýalara daýanmak bilen üpjün edilýär. Ulgamda ylmy gazanylanlaryň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesiniň ulanylmagy wajyplygy bilen öňe çykýar. Bu parasatly işler ýurdumyzda tebigaty, suw hem ýer serişdelerini goramak boýunça amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Oba hojalygyny durnukly ösdürmek hem-de azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ekologiýa abadançylygyny berkarar etmek maksady bilen ýola goýulýan işler, asylly başlangyçlar halkymyzyň abadan, eşretli hem bolelin ýaşaýşyny üpjün etmäge, milli ykdysadyýetimizi galkyndyrmaga uly itergi berýär.
Karaberdi UZAKBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
III ýyl talyby.
Teswirler