Iýseň kädi, artar bedeniň kuwwaty!

Türkmeniň bereketli topragy dermanlyk häsiýetli ösümliklere juda baý. Şolaryň biri-de kädidir. Halkymyz kädiniň dermanlyk häsiýetine ir döwürlerden bäri düşünip gelipdirler. Kädiniň dermanlyk häsiýetleri barada, azda-kände bolsa-da, köpümiz bilýändiris ýa-da eşidendiris. Bu önümiň düzüminde uly mukdarda karotin bolup, onuň netijesinde bedende A (retinol) witamini döreýär. Düzüminde demriň uly mukdaryny saklaýan bu önüm ganazlykdan kösenýänler üçin has gymmatlydyr. Şeýle hem ol bedenden zäherli maddalary, şlaklary we artykmaç holesterinleri çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Kädiniň çigidi, eti, gülleri we baldagy örän peýdaly. Çigidiniň düzüminde ýag, belok, fitosterin, şepbik, tebigy turşulyklar, C, Bi witaminleri, karotin bardyr. Kädiniň palaw kädi, badad kädi, daş kädi, bal kädi ýaly birnäçe görnüşleri bolýar. Bu bakja önüminiň aşgazan-içege ulgamyna aýratyn täsiri bar. Ol täsir kädiniň düzümine girýän organik turşulyklar we «pektin» diýilýän ferment maddasy bilen baglydyr. Ol maddalar aşgazan-içege sowuklamalarynda bu agzalaryň işjeňlik ýagdaýyny kadalaşdyrýar. Şeýle hem düzümindäki pektiniň bedenden holesteriniň çykmagyny güýçlendirmegi kädiniň ateroskleroz keseliniň öňüni almakda we ony bejermekde peýdaly serişdedigine güwä geçýär.

Kädi aşgazan-içege sowuklamasyny bejermekde, şeýle-de semiz adamlara horlanmak üçin hem peýdaly serişdedir. Peşew işläp çykarmagy güýçlendirýändigi sebäpli, böwrek, peşewhalta we ýürek näsazlyklary bilen bagly çişleri aýyrmakda kädiden taýýarlanan bulamagy iýmek peýdalydyr. Kädiniň suwy peşewhaltanyň, böwregiň we bagryň näsazlyklaryny bejermekde ulanylýar.

Rabiýa AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok