Gök kit

Gök kitler plankton bilen iýmitlenýän murtly kitleriň adaty wekili. Olarda gowy ösen murt plitalary bar. Olar esasan hem deňizde ýaşaýan kiçijik leňňeçler, ownuk balyklar bilen iýmitlenýärler.

Gök kitleriň bedeniniň uzynlygy 23-24 m, agramy bolsa uly osoblarynyňky 130000-150000 kg ýetýär, ömrüniň dowamlylygy 80-90 ýaş (ýabany tebigatda), gök kitiň üç kiçi görnüşi bar: demirgazyk, günorta, kiçijik (karlik).

Olar ululygy, käbir häsiýetleri boýunça biri-birinden tapawutlanýar. Käwagt dördünji kiçi görnüş-hindi gök kiti diýlip tanalýar. Ilkinji iki görnüş sirkumpolýar suwlarda, üçünji görnüş bolsa tropiki deňizlerde ýaşaýarlar.

Kitler esasan ýeke ýaşaýarlar. Mawy kitiň taryhy tutuş ummanlary eýeläpdi. Ýöne häzirki wagtda olaryň sany has hem azaldy.

Mawy kit hakda dürli çaklamalar bar. Ýöne bu mesele doly anyklaşdyrylmady.

ⅩⅩ asyryň başyndan bäri gözegçiliksiz balyk tutulmagy sebäpli gök kitleriň sany azalmaga başlady.

1960-njy ýylda gök kit dolulygyna diýen ýaly ýok edildi. Häzirki wagtda gorag çäreleriniň güýçlenendigine garamazdan henizem bolaryň sany azalyp barýar.

Gök kit dünýädäki iň agyr haýwan hasaplanýar. Peruda tapylan Perucetus collosus şeýle uludy welin, hat-da onuň agramy äpet dinozawryň agramyna deňdi. Häzirki wagtda olary goramak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Aýbibi GURBANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok