Döwrebap ösüşleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda umumy abadançylygyň bähbidine doly laýyk gelýän döwletara we sebitara, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar öňe sürülýär, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Diýarymyzyň ähli künjünde senagat-önümçilik, ykdysady, söwda-hyzmat, ulag-logistika, obasenagat we beýleki toplumlara degişli desgalary döretmek, bar bolanlarynyň durkuny abatlamak babatda möhüm işler ýola goýulýar. Şeýle-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, içerki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça anyk çäreleri amal edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän senagat pudaklaryny okgunly ösdürmek üçin gönükdirilýän maýa serişdeleriniň möçberi artýar. Şonuň netijesinde daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberidir görnüşleri ep-esli ýokarlanýar.

Medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekligiň çäklerinde milli senetçiligi, halyçylygy, aýdym-saz sungatyny ösdürmek we gadymdan gelýän milli mirasy düýpli öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri dikeltmek hem-de giňden wagyz etmek işleri geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň sazlaşykly ösmegini üpjün etmek bu ugurda esasy wezipeleriň biri hasaplanýar.

Türkmenistanda pudaklaýyn we düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmak bäsdeşlige ukyply, ýokary netijeli hususyýetçiligi kemala getirmäge doly esas döredýär. Ýurdumyzyň kärhanalaryny maddy-enjamlaýyn we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, täze desgalary gurmaga, bar bolan önümçilikleri giňeltmäge, kärhanalaryň durkuny täzelemäge, olary tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga uly ünsüň berilmegi türkmen telekeçiligini ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmaga şert döredýär. Şol sanda bilelikdäki iri innowasion kärhanalary hem-de eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri gurmak, azyk üpjünçiligini gowulandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýola goýulýan durmuş-ykdysady strategiýa Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelmek bilen ýurt abadançylygymyzy has-da pugtalandyrýar. Şeýle asylly başlangyçlary bilen ata Watanymyzy gülledip ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir!

Jahan KADYROWA,

Türkmenistanyň Inžener tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok