Golaýda, ýagny şu ýylyň 12-13-nji oktýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Sanly ulgamy, emeli aňy köp ugurda köpçülikleýin ösdürmek hem-de durmuşa geçirmek, IT pudagynyň ylmy-tehnologiki pikirlerini we olaryň taslamalaryny pudaklara ornaşdyrmak boýunça «Digital Bridge 2023» atly halkara forumy geçirildi. Bu halkara foruma 30-dan gowrak ýurduň 2000-den gowrak ygtyýarly wekilleri, 300-den gowrak IT-kompaniýalary şol sanda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.
Iki günlik forumyň çäklerinde çykyşlar hususan-da, önümçiligi we jemgyýetçilik durmuşyny sanlylaşdyrylmak arkaly tizlik, ýokary hil we amatlylyk gazanmak, ilatyň, işewürligiň, döwletiň maglumat gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, emeli aňy ösdürmek we ony köp ugurlara ornaşdyrmak, IT pudagyny ösdürmek, döwrebap pikirli IT hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurlar boýunça tejribe alyşmak we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerine bagyşlandy.
Halkara forumda gurnalan 200-den gowrak sergi zolagynda hem-de IT mekdepleriň sergisinde sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň ykdysadyýetden başlap hyzmatlar ulgamyna çenli jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagy arkaly ýokary netijeleri gazanmagyň tiz, amatly we döwrebap usullary öwrenildi.
Mahym ALTYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler