Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz

Ýurdumyzda milli mirasymyza belent sarpa goýulýar. Ol ylmy esasda öwrenilýär we wagyz edilýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň biri hem türkmen alabaýydyr. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilýär. Munuň özi türkmen alabaýyna bolan buýsanjy aýdyň beýan edýär.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we kämilleşdiren mirasydyr. Şolardan türkmen alabaý itleri dünýäde iň meşhur tohumlarynyň biri bolup, oňa bolan gyzyklanma barha artýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny barada gürrüň berilýär. Bu kitapda dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan alabaý tohumynyň gelip çykyşy barada köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar, taryhy we edebi maglumatlar beýan edilýär.

Alabaý itleriniň wepalylygy hakynda ençeme nakyllar döredilipdir. Türkmen alabaýlarynyň gadymylygy, duýgurlygy, batyrlygy, akyllylygy bilen bir hatarda olaryň eýesine örän wepalydygyny subut edýän köp maglumatlar taryhy çeşmelerde hem öz beýanyny tapypdyr. Şeýle ajaýyplyklar häzirki döwürde halkymyzda, şol sanda ýaş nesillerde türkmen alabaýlaryna bolan buýsanjy artdyrýar.

Alabaý itleri wepadarlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar, sabyrlylyk babatda bolsa, olara taý geljek başga jandar bolmandyr. Näçe aç bolsa-da eýesi öňüne ýalyny goýýança garaşyp ýatypdyr, hiç wagt duran iýmite agyz urmandyr. Munuň özi olaryň sabyrlydygyny, çydamlydygyny, eýesine wepalydygyny görkezýär.

Alyşir ANNAMÄMMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok