«Pulhatyn» köprüsi

«Pulhatyn» köprüsi Sarahs etrabynyň günortasynda, Tejen derýasynyň daglykdan çykyp, düzlüge ýaýylyp ugraýan ýerinde gurlupdyr. Bu köpri, döwri boýunça biziň eýýamymyzyň öňki IV — biziň eýýamymyzyň XV asyrlary bilen senelenýär. Hywa taryhçysy Agehi «Pulhatyn» köprüsi barada: «Pulhatyn bu berk köpri bolup, daşy suwalan kerpiçlerden salnandyr, ol Tejen derýasynyň üstünde gurlan» diýip belläp geçýär.

Pulhatyn köprüsi orta asyrlarda Merw – Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistandan Eýrana geçilýän ýeke-täk geçelge hökmünde kerwenlere hyzmat edipdir.

1889–njy ýylda rus patyşalygy zamanasynda köprüde düýpli rejeleýiş işleri geçirilip, köprüniň 5 – sany uly gözleri suw akar ýaly goýlup, onuň ähli ýeri ýonulan daş bilen örtülipdir. „Pulhatyn“ sözüniň ýene-de bir düşündirilişi bar. Belli dilçi S. Atanyýazow ony „Daş köpri“ diýip düşündirýär. Bu bolsa pars dilinden terjime edilende „Pul“ köpri, „gatyn“ sözi bolsa daşdan diýmegi aňladýar.

Häzirki wagtda bu ajaýyp köpriniň uzynlygy 60 metr, ini 3 metr, beýikligi 10 metr. Köpri derýanyň iň çalt akýan ýerinde bina edilipdir. 1976–njy ýylda Tejen derýasynyň iň bir joşan wagtynda bu köpri sekuntda 1600 kubmetr suwy geçirmäge ukyplydygyny görkezdi.

Jennet USAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok