Milli ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň uly goldawy esasynda beýik ýeňişler, uly ösüşler gazanylýan Türkmenistan Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, azyk bolçulygyny berkitmekde hem-de halkymyzyň abadan ýaşaýşyny amal etmekde möhüm ädimler ädilýär. Ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde edermen daýhanlara, ýer eýelerine, şol sanda hususyýetçilere möhüm orun degişlidir. Şol nukdaýnazardan hem, önüm öndürijilere uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär, oba hojalyk tehnikalaryny we beýleki zerur serişdeleri satyn almak üçin döwletimiz tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze ýerleri özleşdirmegiň hasabyna bereketli türkmen topragymyzyň hasyllylygy ýokarlandyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze hem döwrebap ýyladyşhanalar döredilýär. Munuň özi ak bazarlarymyzy zerur bolan gök-bakja önümleri, miweler bilen doly üpjün edilmegine ýol açýar. Bular bilen birlikde hyzmatlar we söwda ulgamynyň ösdürilmegine maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri bu ugurlara giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin ähli amatly şertleri döredilen. Munuň özi telekeçilik düzüminiň ösüşiniň ýokary depgininiň saklanylmagyna itergi berýär. Şeýle-de ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ornaşdyrmak arkaly senagat ugurly harytlaryň, öndürilýän milli haryt nyşanly önümleriň mukdary we görnüşleri yzygiderli artyp, daşary ýurtlara eksporty artdyrmaga mümkinçilik döreýär. Halkymyzyň gündelik durmuşda ulanýan önümleri-de ýeňil senagat babatda iş alyp barýan ussat telekeçilerimiz tarapyndan doly derejede üpjün edilýär. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk önümleriniň hem ýüzlerçe görnüşiniň öndürilmegi ata Watanymyzyň ösen ykdysady kuwwatyndan habar berýär. Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlarynyň ösdürilmegi ukyp-başarnykly, giň dünýägaraýyşly telekeçileriň täze nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine uly mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga alan telekeçiler tarapyndan döredilen kärhanalarda işleýän işgärleriň 75 göterimi ýaşlar bolsa, olary «Ýaşlar kärhanasy» diýip atlandyrmak, şeýle kärhanalara döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça ýeňillikleri göz öňünde tutmak ýaly öňe süren başlangyçlary hem ýaş nesliň gujur-gaýratyny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmäge ýardam edýär.

Bagtyýar döwürde, döwletli döwranyň goýnunda biz üçin şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Berdimyrat GOÇYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok