Adatça, binalaryň içki we daşky bezeglerini ýa-da önümleriň gözegelüwli gabyny görenimizde bizi ýakymlydan özboluşly duýgy gaplap alýar. Bu şeýle-de bolaýmaly. Çünki şol owadanlygyň we ýakymlylygyň aňyrsynda dizaýnerleriň irginsiz zähmeti, yhlasy we gözlegleri ýatyr.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz üçin täze ugurlaryň biri bolan dizaýnerlik taslamalary bilen meşgullanýan, onda-da, eýýäm öz ornuna, aýratyn ýörelgelerine eýe bolan kärhanalaryň sany barha artýar. Biz hem gazetiň şu sanynda şolaryň biri bolan «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň marketing boýunça hünärmeni Yhlas Tagyýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okujylara ýetirýäris.
— Yhlas, söhbetdeşligimizi, ilki bilen, «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyrylyşy baradaky sowaldan başlaýaly?!
— Baş üstüne. «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde esaslandyryldy. Bu kärhana «Caspy Concept» «Caspy Creative» ýaly bölümlerden ybaratdyr. Biziň döredijilik toparymyzyň esasy wezipeleri dizaýn, arhitektura, gurluşyk, mebel gurnamak şeýle-de marketing we konsalting (işewür maslahat) boýunça müşderilere göwnejaý hyzmat etmekden ybaratdyr. Bize gysga wagtyň içinde tejribeli grafiki we 3D dizaýnerlerden, mahabat, marketing, işi dolandyrmak (menejment) we jemgyýetçilik ylymlary boýunça hünärmenlerden ybarat ajaýyp topary emele getirmek başartdy. Häzirki wagtda kärhanamyzda tejribeli otuzdan gowrak hünärmenler zähmet çekýär. Bu bolsa bize her bir taslama ussat çemeleşmäge, olar babatda täsirli çözgütleri hödürlemäge, bir söz bilen aýdanymyzda, kärhanamyzyň üýtgewsiz şygarynda aýdylyşy ýaly, «pikirleri hakykata öwürmäge» mümkinçilik berýär.
— Ýaňy siz «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň «Caspy Concept» we «Caspy Creative» atly iki bölüminiň bardygyny bellediňiz. Mümkin bolsa şolar dogrusynda hem okyjylary giňişleýin tanyşdyraýaly!
— «Caspy Concept» bölümi, esasan, arhitektura, gurluşyk bilen bagly taslamalary durmuşa geçirýär. Has takygy, bu bölümiň hünärmenleri tarapyndan binalaryň 3D modelleri, binalaryň içki we daşky dizaýnlary (bezegleri) ondan başga-da proýektirlemek we tehniki çyzgylary taýýarlanylýar. Bu bölümiň hünärmenleri binalaryň içki we daşky bezeglerini taýýarlamakda döwrebap tejribeleri milli äheňler bilen utgaşdyrmaga uly üns berýärler. Bu bolsa müşderiler tarapyndan hem oňyn baha mynasyp bolýar. «Caspy Creative» bölümi bolsa grafiki dizaýn ýagny dürli önümleriň şekilleri, gaplama dizaýnlary we media-kontent taslamalary bilen meşgullanýar. Şeýle-hem bu bölümde dürli internet sahypalary üçin hem dizaýn işleri ýerine ýetirilýär.
— Yhlas, siz bu pudakda, öz ýerine ýetiren taslamalaryňyz barada hem durup geçäýseňiz!
— Biz şu wagta çenli köp sanly taslamalary durmuşa geçirdik. Olaryň ählisi müşderileriň göwnünden turdy diýip buýsanç bilen belläsim gelýär. Şeýle taslamalaryň hatarynda, Daşoguz şäherindäki «Seýran» dynç alyş merkezini, Aşgabat şäherindäki «Alp et» restoranyny, «Dragon Oil» kompaniýasynyň sergi palatasynyň taslama we gurnama işlerini we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky emeli derýanyň şaglawugy, Katar döwletiniň paýtagty bolan Doha şäheriniň Sagat heýkeliniň taslamasyny şeýle-de Boý Bodron dermanhanasynyň dizaýn we çyzgy işlerini başga-da ençeme taslamalaryny mysal getirip bolar. Has takygy, biz Daşoguz şäherindäki «Seýran» dynç alyş merkezinde taslamak, täzelemek, içki dizaýn, tehniki çyzgylar, grafiki dizaýn, mebelleri oturtmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we wideogözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak, Aşgabat şäherindäki «Alp et» restoranynda bolsa içki dizaýn, tehniki çyzgylar, grafiki dizaýn, mebelleri oturtmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we wideogözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak, özbaşdak witual tory döretmek hem-de girelgedäki barlag-gözegçilik ulgamyny gurnamak ýaly hyzmatlary ýerine ýetirdik.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky emeli derýanyň şaglawugynda bolsa taslamany düzmek, onuň 3D gurluşyny we gurluşygyny döretmek ýaly işler biziň hojalyk jemgyýetimiz tarapyndan amala aşyryldy.
— Häzirki wagtda «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýeti haýsy taslamalaryň üstünde işleýär?
— Häzirki wagtda kärhanamyz birnäçe taslamalary amala aşyrýar olardan: «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky interaktiw suw çüwdürimleriniň taslamasynyň, «Türkmen Gala» hojalyk jemgyýetiniň sergi diwarlygynyň taslamasynyň (diwarlygy gurnamak bilen bilelikde) hem-de Aşgabat şäherindäki «Osmanly» restoranynyň tehniki çyzgylarynyň we içerki dizaýnynyň taslamasynyň şeýle-hem Halkara nebit we gaz kompaniýasy bolan Dragon oil kompaniýasynyň täze edara binasynyň gurluşyk, mebel gurnama hem-de IT we aragatnaşyk ýaly işlerini ýerine ýetirýär.
— Geljekde öňüňizde nähili maksatlar goýýarsyňyz?!
— «Mawy Çyzgy» hojalyk jemgyýeti elmydama öz alyp barýan ugurlarynda täze ösüşleri nazarlaýan başlangyçlara işjeň gatnaşýar. Hut şonuň üçin hem geljekde bilimimizi we tejribämizi baýlaşdyrjak ýerli we halkara taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini yzygiderli gözleýäris. Şunuň bilen baglylykda, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üsti bilen iş alyp barýan ugrumyza degişli täze innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegi maksat edinýäris. Bu babatda bize öwrenmäge we ösüşe bolan erjelligimiz arkaly gazanan abraýymyz ýardam eder diýen tamamyz bar.
Şeýle-de kärhanamyz we ýerine ýetirýän işlerimiz bilen has ýakyndan tanyşmak üçin biziň internet sahypamyzy görüp bilersiňiz.
www.caspy.biz / www.caspyconcept.com
— Yhlas, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Geljekde hem alyp barýan işleriňizde üstünlikler arzuw edýäris!
— Sag boluň! Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, telekeçiligi goldamagy elmydama üns merkezinde saklaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadag Serdarly döwlet baştutanymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn!
Söhbetdeş bolan: Merdan ATAÝEW, Redaktor, «InAshgabat».
Teswirler