Kämil ýaşlar – döwletiň kuwwatly güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasaty ýurduň nurana ertiri bolan ýaş türkmenistanlylaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegine, ukyp-başarnyklarynyň, zehininiň ýokarlanmagyna, aň-paýhas, döredijilik mümkinçilikleriniň artmagyna has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen bolup durýar. Watansöýüji, beden hem ruhy taýdan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmek bolsa ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň binýadydyr. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde ýaşlara uly orun degişlidir. Ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, ýaşlarda ylym-bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmak, kämil tehnologiýalary ezberlik bilen ele almak ugrunda höweslendirmek esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.

Döwrüň zerur talaby bolan ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklige höwesli, nesilleri kemala getirmek ösüşlere badalgadyr. Bulardan başga-da ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmaklary, maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy, ylmy gözlegleriň üstünde işlemekleri häzirki täze eýýamda ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem: “Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip nygtaýar.

Döwrüň talaplaryndan ugur alyp hem-de ýaşlary milli gymmatlyklar ruhunda terbiýelemek maksady bilen, medeni ugurda ugurda döredijilik bäsleşikleri yzygider geçirilýär. Ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge we taryhy ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge ýaşlaryň gatnaşmaklaryny goldamak, olarda taryhy we medeni mirasa, daşky gurşawy goramaga bolan gyzyklanmany höweslendirmek bilen baglanyşykly çäreler alnyp barylýar. Şeýle çäreler bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň ata Watanymyzyň berkararlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandyny aýdyň äşgär edýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok