Türki döwletleriň kino sungatyny ösdürmek maksady bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Gorkut ata» halkara kinofestwaly 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Änew şäherinde geçiriler.
2024-nji ýylda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyň Änew şäherinde geçirilmeginiň maksady, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglydyr.
Mälim bolşy ýaly, «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly türki döwletleriň dürli şäherlerinde her ýyl geçirilýän festiwaldyr. Bu halkara festiwal ilkinji gezek 2021-nji ýylda esaslandyryldy. Onuň esaslandyrylmagynyň maksady bolsa, türki döwletleriň kino sungatynyň ösmegi, şeýle-de türki halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Arslanbek ABDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler