Baýragyňyz gutly bolsun sazanda ýaşlar!

Salam! İlki bilen men sizi Delfiýa oýnunda gazanan üstünligiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! İlki bilen özüňizi tanyşdyrsaňyz?!

     Seýran Atanyýazow: Hawa sag boluň! Men Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Seýran Atanyýazow.

      Biz 6-10-njy oktýabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Delfiýa oýunyna gatnaşdyk.  Bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Bäsleşige meniň deň duşlarym bilen bir hatarda gatnaşdym. Bäsleşik 2 tapgyr boýunça dowam etdi. Men  birinji tapgyrda 3 sany eseri, ýagny  Bahyň Adajio we fuga g-moll, Paganiniň 21-nji kaprisini, Mosartyň bolsa skripka üçin 3-nji konsertiniň 1-nji bölümi ýaly  eserleri ýerine ýetirip, bäsleşigiň emin agzalarynyň saýlamagynda ikinji tapgyra gatnaşmaga üstünlik gazandym.

      Tüweleme, berekella! İkinji tapgyrda siz haýsy eserleri ýerine ýetirdiňiz?!

     Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda bolsa men M.Raweliň “Syganka” atly sazyny hem-de  A. İ. Haçaturýanyň «Spartak» atly baletinden “Adažio” ýaly eserleri ýerine ýetirip, ýaş sazandalaryň arasynda geçirilen 17-nji Delfiýa oýunlarynda skripkaçylaryň arasynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala eýe boldum.

Seýran sizi ýeňişiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Saňa mundan beýläk hem uly üstünlik arzuw etýän! Yhlasyňyzyň bady ýatmasyn!

Sag boluň!

İndi söz nobatyny Erjele geçiräýeli?! (Seýran Atanyýazow: «Baş üstüne» diýen yşaratda ýylgyryar)

     Erjel Ýagşymyradow: Men Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynyň «Fortepiano» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradow.

     Maňada şu bäsleşige, ýagny Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde geçirilen 17-nji Delfiýa oýunlaryna gatnaşmak miýesser etdi. Men hem öz gezegimde bu bäsleşige bşardygymdan gowy taýýarlandym we bu yhlasym öz miwesini , ýagny netijesini berdi.

       Tüweleme, siz bäsleşikde nähili eserleri ýerine ýetirdiňiz?! 

       Bu bäsleşik biziň kategoriýamyzda hem 2 tapgyr dowam etdi. 1-nji tapgyrda men İ. S. Bahyň OTK – niň I tomundan N8 (As-dur) prelýudiýa we fugasyny, hem-de F. Şopeniň 11-nji (opus 25) etýudyny üstünlikli ýerine ýetirip, bäsleşigiň ikinji tapgyryna geçmäge hukuk gazandym.

     İkinji tapgyrda bolsa men, S. Prokofýewiň 11-nji tokkata we «Rowaýat» (Легенда) diýen eserlerini, hem-de R. Wagneriň «Tangeýzer» operasynyň giriş uwertýurasyny F. Listiň nota geçiren redaksiýasynda çaldym we emin agzalarynyň beren bahalary esasynda  netijeler boýunça üçünji orna, ýagny  bürünç medala mynasyp boldum.

  Tüweleme, sizi hem ýeňişiňiz bilen gutlaýan! Şol wagt bäsleşikde ýeňiji bolan wagtyňyz nähili wakalar boldy we ýatda galan pursatlar barada aýdyp geçseňiz!

Men bäsleşikde ilki adym tutulanda, örän beğendim hem-de hormat münberine rus, gazak deň duşlarym bilen bir hatarda ýadygärlik surata düşdik.  Biz bu bäsleşige  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (СНГ) hataryna girýän döwletlerdäki deň-duşlarym bilen gatnaşdyk. Biziň ýurdumyzdan hem deň duşlarymyz ýagny, Aýnur Otuzowa ýörite diplom bilen hem-de Çaryýar Ataberdiyew hormat haty bilen sylaglanyldy. Biz beýleki ýurtlardaky sazanda deň duşlarymyz   bilen tanyşyp, dostlaşyp pikir alyşdyk!

      Tüweleme, Erjel size mundan beýläk hem üstünlik arzuw edýärin.

 Hawa, sag boluň! Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Milli Lider Gahryman Arkadagymyz we  Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara hem-de medeniýete, sungata üns berip, şular ýaly basleşiklere gatnaşmana uly mümkinçilikler döredip berýäni üçin köp sagbolsun aýtmak isleýärin. Goý olaryň jany sag, ömri uzak alyp barýan işlerinde uly üstünlik, rowaçlygy arzuw edýärin.

  Seýran Atanyýazow: Men hem öz gezegimde Hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlar baradaky her bir aladasyny ödäp   özümiziň saza bolan ukybymyzy açyp görkezmek üçin halkara bäsleşiklere gatnaşmana uly ýardam berýänligi üçin köp sag bolsunylarmy aýtmak isleýärin! Medeniýet-sungata ösdürmekde etýän  aladalary üçin ýurduň   Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Tekst ýazgysyna geçiren: Ogulnabat MERETGULYÝEWA,
M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriyasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok