Na­kyl­lar — ter­bi­ýe mek­de­bi

Ata-babalarymyzyň paýhasy siňen pähimler, nakyllar ösýän jemgyýetimizde ýokary ahlakly, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ygtybarly serişdedir. Halkymyzyň asyrlara uzaýan baý taryhy bar. Edil şonuň ýaly hem halkymyz çeper söz sungatyna, ylym-bilime, ýaş nesliň tälim-terbiýesine aýratyn mukaddeslik hökmünde garaýar.

Türkmen halky öz taryhy ösüşinde örän köp nakyllardyr atalar sözüni we durnukly söz düzümlerini döredipdir. Nakyllar temasy boýunça köpdürli bolup, durmuş hakykatyny öz içine alýan edebi gymmatlykdyr. Şoňa görä-de islendik nakyly dile getirseň, onuň dürli ýagdaýlarda, dürli sebäplere görä ýüze çykyşy bilen baglylykda, dürli mazmunda ulanyp bolýandygyna göz ýetirmek mümkin.

Na­kyl­lar esa­san öwüt-ne­si­hat hä­si­ýet­li bo­lup, olar ne­sil ter­bi­ýe­sin­de giň­den ula­ny­lyp­dyr. Bil­şi­miz ýa­ly, na­kyl­lar dur­muş tej­ri­be­si­niň we çe­per sö­zü­ň üs­ti bi­len dö­re­di­len gym­mat­lyk­lar­dyr. Onuň tä­sir­li­li­gi hem hut şo­nuň üçin­dir. Olar paý­has ele­gin­de ele­nip, bi­ziň şu gün­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir.

Geç­miş­de pe­der­le­ri­mi­ziň dö­re­den na­kyl­la­ry halk dö­re­di­ji­li­gi­niň gym­mat­ly gör­nü­şi bo­lup, olar hä­zir­ki wagt­da hem äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýär. Bi­lim iş­gär­le­ri, ene-ata­lar hem bu paý­has­ly söz­le­ri ne­sil ter­bi­ýe­sin­de iş­jeň ulan­ýar­lar. Şo­nuň üçin-de mil­li ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti, gym­mat­ly­gy has-da ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär.

Jennet AGALYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok