Güýz-gyş pasyllarynda möwsümleýin ýiti respirator wirusly keseller we ilatyň arasynda «dümew» diýlip atlandyrylýan grip keseli köpçülikleýin ýaýrap bilýär. Öňüni alyş çärelerini yzygiderli berjaý edilende, bu kesellerden goranmak mümkindir.
Dümew ýaş çagalarda we gartaşan adamlarda has agyr geçýär. Kesel gaýra üzülen ýagdaýynda öýken sowuklamasy (pnewmoniýa), bronhit, öýken çişmesi döreýär, ýürek-damar we merkezi nerw ulgamlaryna zeper ýetirýär. Bu keseli öz wagtynda dogry kesgitlemek, näsaglary öz wagtynda hassahana, öý şertlerinde bolsa aýratyn otagda ýerleşdirmek möhümdir. Näsag adam keseliň agyrdygyna, ýeňildigine garamazdan, hökmany suratda ýatymlaýyn bejergi almalydyr. Näsagyň bedeniniň gyzgynynyň peselmegi, özüni gowy duýmagy onuň doly sagalandygyny aňlatmaýar. Näsagyň doly sagalandygyny diňe bejeriji lukman anyklap biler.
Ýiti respirator ýokançlarda düzüminde С witaminini saklaýan içgileri yzygiderli içmek peýdalydyr. Bu witaminiň düzümine girýän askorbin turşusy wirusa garşy göreşmäge ukyply bolan öýjükleri köpeldýär. С witamini turşy tagamly miwelerde, ir-iýmişde, limonda we beýleki sitrus miwelerde, bulduraganda (malina), garagatda (smorodina), itburunda köp mukdarda saklanýar. Ýene-de bir ýagdaýy ýatda saklamaly: turşy içgileri özüňde anginanyň ýokdugyna gözüň ýetik bolanda içmeli. Sebäbi turşular zeperlenen nemli bardany gyjyndyryp, keseliň geçişine täsirini ýetirmegi mümkin.
Lukmanyň maslahat bermegi bilen wirusa garşy derman serişdelerini ulanmak bolýar. Şonuň ýaly-da türkmeniň milli nahary bolan unaşy burçlap içmek, limonly çaý, ary baly garylan ýyly süýt we beýleki suwuklyklary köp içmek maslahat berilýär. Ýylyň sowuk wagtynda her gije-gündizde azyndan 3-4 gezek 15-20 minutlap otaglaryň howasyny täzelemeli. Dümew keseliniň öňüni almakda bedeniň taplanmagynyň uly ähmiýeti bar.
Aýlar ÇARYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler