Wenadan gelen owaz

Wena baly Awstriýanyň medeni däpleriniň aýrylmaz bölegidir. Ol 500 ýyl töweregi taryhynyň dowamynda abraýyny birjik-de peseltmän, Awstriýanyň, hatda Ýewropanyň çäklerinden hem çykyp, dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdalanýan, yzygiderli guralýan medeni çärä öwrüldi. Bala Wenanyň meri we gubernatory hem öz gutlaglaryny iberdi. Bu bolsa Wena bilen Aşgabatdyr Arkadag şäherleriniň arasyndaky hoşniýetli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Nobatdaky balyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabat gelendigini aýratyn bellemek isleýärin. Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestrine-de 14 ýyl bolýar.

Ýatladyp geçsek, şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 2011-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda mermer paýtagtymyz Aşgabatda ilkinji gezek Wena baly geçirilipdi. Ol şol günden bäri iki dostlukly halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýandygynyň, türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanýandygynyň aýdyň şaýady bolupdy we hut şol günden başlap, Türkmenistan ýurdumyzdada Wena baly geçirilip başlanypdy.

Wena balynyň geçirilmegi öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllaryndan, ýagny 2008-nji ýylda Wena bolan saparyndan alyp gaýdýar. Örän ähmiýetli bolan bu sapar giň hyzmatdaşlyklara ýol açypdy. Döredijilik işgärlerinden ybarat bolan halk we estrada aýdymçylary, sazandalar we tansçylar Wenanyň Ferstel köşgünde — tutuş Ýewropada sazyň merkezi hökmünde ykrar edilen ýerde uly konsert bilen çykyş edip, Türkmenistan ýurdumyzyň adyny belende galdyrypdylar, Ýewropany türkmen medeniýeti, sazy bilen tanyşdyrypdylar.

11-nji oktýabrda, Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly hem-de «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti – Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynam-ygtykatyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň we köpugurly hyzmatdaşlygyň ebedi ykraryýetini alamatlandyrdy.

Begençmyrat ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok