Kelem güýz aýlary ýetişýän, witaminlere baý gök önümleriň biri bolup, minerallaryň hakyky «hazynasy» hasaplanylýar. Onuň düzümindäki askorbin turşusy limondyr mandarindäkiden hem köpdür. Kelemi terligine-de iýse bolýar. Onuň ak kelem, gyzyl kelem, gül kelem ýaly dürli görnüşleri bellidir.
Kelem ilki Gadymy Müsürde ýetişdirilipdir. Ol döwürler keleme aňrybaş hödür hökmünde garalyp, ony diňe barjamly adamlara nahardan soň üýtgeşik tagam hökmünde hödür edipdirler. Amerikaly alymlar kelemiň ýygy-ýygydan ulanylmagynyň ömri uzaldýandygyny, bedeni onkologiýa kesellerine sebäp bolýan howply çişlerden goraýandygyny subut etdiler.
Dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýan, ynsan saglygy üçin peýdasy uly bolan kelemiň minerallaryň hakyky hazynasydygy ylmy taýdan tassyklanandyr. Ol, esasan hem, C, K witaminlerine baýdyr. Berhiz saklamakda ak kelem peýdaly bolup, düzüminde askorbin turşusy köpdür. Günaşa kelem iýýän adam infarktyň we insultyň ýüze çykmak howpuny azaldyp biler. Bal bilen garylan kelemi dem alyş ýollarynyň hem-de bagryň sowuklamasynda, ýürek-damar kesellerinde, gan basyşy ýokary bolan adamlara iýmek maslahat berilýär.
Halk lukmançylygynda kelemiň şiresi sarygetirmede, dem alyş ýollarynyň ýokarky bölekleriniň şikeslenmelerinde, bagyr näsazlyklarynda peýdalanylýar. Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina öz eserlerinde kelemiň ýaralary çalt guratmaga we bitirmäge, agyryny aýyrmaga peýdalydygyny ýazýar. Duza ýatyrylan kelemiň suwy hem adam bedenine juda ýaramlydyr. Bu önümiň düzümindäki peýdaly witaminleriň ýygyndysy üýtgemän galýar. Ol berhiz tutýanlar üçin örän peýdalydyr.
Jeren NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler