Rowaýata öwrülen şahsyýet

Paýhasy bilen daşy ýarýan Mäne baba 967-nji ýylda häzirki Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda, her hili müşk-anbar we däri-derman ýasaýan Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmediň maşgalasynda dünýä inýär. Mäne babanyň doly ady Abu Sahyd Abul Haýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi bolupdyr. Ýöne halk oňa hormat goýup Mäne baba diýipdir. onuň kakasy Abul Haýyr Gaznalylar imperiýasynyň hökümdary Mahmyt Gaznalynyň ýakyn dostlarynyň biri hasaplanypdyr. Ol patyşa hazynasynyň hasabyna ýörite bellenilen ýokary aýlygy alypdyr. Sebäbi Abul Haýyr Mahmyt Gaznalynyň özüni, maşgalasyny, köşk emeldarlarynyň ählisini müşk-anbar we däri-derman bilen üpjün edipdir.

Mäne baba kakasy ýaly, il içinde tanalýan, uly hormat goýulýan alym we şahyr bolup ýetişipdir. Ol musulmanlaryň mukaddes kitaby bolan Gurhany ýatdan bilip, her aýadynyň düşündirilişini kemsiz öwrenipdir. Abu Sahyd Mähneýi ilki Mähnede bilim alýar. Soňra ol döwrüň ylym-bilim merkezleri bolan Sarahsda, Maryda we Nişapuryň medreselerinde okap, lukman Abdulfazyl Sarahsy, Abdyrahman Selimi, Abu Bekir Keoffal ýaly tanymal alymlaryň şägirdi bolýar. Şondan soň Mähneýi sopuçylyk ylmynyň kämillik derejesine ýetýär. Mäne babanyň döwründe Yslam dininiň dürli akymlary we ugurlary döreýär. Öz döwrüniň görnükli sopusy Abu Sahyd diňe bir musulmanlara däl, eýsem, dini başga kişilere hem rehimli bolmagy öz döwürdeşlerine we ondan soňkulara sargyt edipdir. Aýdyşlaryna görä, Mähneýi öz döwründe iki gezek hyrka geýen pir hasaplanylýar. Birinji hyrkany Nişapurda, ikinjisini bolsa Gündogardaky Amul şäherinde geýýär. Hyrka şol döwürde diňe güýçli pir derejesine ýeten adamlar eýe bolupdyrlar.

Ylym dünýäsiniň görnükli wekili Mäne baba 1049-njy ýylda 83 ýaşynda aradan çykýar. Ol müň aý ýaşapdyr diýip bellenilýär. Şol döwürde bir musulman müň aý ýaşasa, ol «Şeýhi-Pany», ýagny «Pany dünýäniň belent mertebeli gojasy, piri» diýen ada mynasyp bolar eken. Mäne baba hem şolaryň biri hasaplanylýar.

Mäne babanyň aramgähi XI asyrda Kaka etrabynda gurlup, XIV asyrda ol täzeden rejelenýär. Gümmeziň daşy nagyşlar bilen bezelip, nagyşlaryň reňkleri ilkibaşdaky görnüşini şu güne çenli saklap galypdyr. Taryhy maglumatlara görä, bu ýadygärlik Gündogaryň beýik akyldary, şahyr hem filosof Abu Seýit — Mäne baba dünýäden ötenden soň, XI asyryň ikinji ýarymynda türkmen-seljuk soltanlary Togrul beg we Çagry beg tarapyndan gurdurylypdyr.

Laçyn AGANAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok