Kämil binagärligiň nury

Soltan Sanjaryň hökümdarlyk eden zamanasynda Merwde döreden ylmy we edebi eserleri bilen meşhur bolan belli ulamalaryň biri Abu Bekr Muhammet Talhatanydyr. Golýazma çeşmelerinde alymyň Beýik Seljuklar şadöwletiniň soňky hökümdary Sanjara şalyk patasyny beren pir, soltanyň halypasy hem-de ylmy we döredijilik dünýäsiniň ussady bolandygy barada maglumatlara duş gelinýär.

Köne Merwden otuz kilometr daşlykda Talhatan obasynyň çäginde Talhatan Baba metjidi ýerleşýär. Merkezi Aziýa binagärliginiň bu ajaýyp ýadygärligi XI asyryň ahyrynda bina edilipdir. Bu ymaratyň aýratyn gymmaty mongollaryň çozuşy döwründe-de weýran edilmedik taryhy ýadygärligiň abat saklanyp galmagyndadyr. Ýok edilmezliginiň sebäbi bolsa taryhy syrlygyna galýar.

Bina adaty gönüburçluk diýen ýaly, bu ýerde metjitler üçin adaty bolan telär ýok. Binanyň üç tarapy petik diwarlardan ybarat, diňe dördünji tarapy, ýagny ýüz tarapy, ortarada uly, iki gapdalynda bolsa kiçeňräk bolsa-da birbada üç arka bilen bezelendir. Arkalar binanyň görnüşini üçe bölýär, bu bolsa bina goşmaça sazlaşyk berip, içerde-de, daşarda-da birmeňzeş bolan sazlaşyk, oň üstesine-de diwar bezegleri kerpiç örüji ussanyň oýlap tapyjylygyny we hyýalbentligini görkezýär. Binanyň bezegi üçin diňe bişen kerpiç ulanylypdyr.

1950-nji ýyllarda metjit, binagär Anna Maksimowna Pribytkowa tarapyndan düýpli öwrenildi. Alym binanyň mährabyň gümmezasty meýdany we iki gapdalynda iki ganaty bolan uzynlygy 18, ini 10 metrlik süýrüräk gurluşykdygyny görkezdi. Mährabyň peýkam kysymly tagçasy gönüburçly çarçuwa bilen utgaşýar.

Talhatan Baba aramgähi seljuk binagärliginiň hakyky şa eseri hökmünde ykrar edildi we häzirki wagtda zyýaratçylary we jahankeşdeleri sazlaşykly görnüşi bilen haýrana goýýar.

Nowruz AKMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok