Gün tutulma hadysasy bolup geçdi

14-nji oktýabrda iň seýrek duş gelýän astronomiki hadysalaryň biri bolan halka şekilli yzygiderli gün tutulmasy boldy. Indi şeýle gün tutulmasy diňe 23 ýyldan bolup geçer.

Seýrek duş gelýän bu hadysa örän täsin hadysalaryň biridir. Gynansagam bu hadysa Türkmenistan watanymyzda görünmedi sebäbi geografiki ýerleşişi boýunça gytaklaýyn şonuň üçin Gün tutulma hadysasyny synlamaga mümkinçilik bolmady.

Gün tutulmasy Ýuwaş ummanynyň demirgazyk böleginde başlandy we Amerikanyň üsti bilen tä Meksika aýlagynyň kenary boýunça Kolumbiýa we Braziliýanyň demirgazygyna aýlandy, şondan soň gün tutulmanyň zolagy Atlantik sebitinde ýer ýüzüni terk etdi. Bu tebigy hadysa şu ýyl amala aşan ilkinji gün tutulmasydyr.

Mähriban NURMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok