Türkmenistanda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda ýaş nesliň sazlaşykly ösmeginde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Bilim edaralary döwrebap kompýuterler we häzirki zaman tehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hili hem-de netijeliligi ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna döwrebap informasion we aragatnaşyk tehnologiýalary girizilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny binýatlaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary ýaşlaryň geljegine giň ýol açýar. Täze taryhy eýýamymyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler ýaş nesliň watançylyk duýgusynyň ösmegine, berkemegine, has-da çuňlaşmagyna mümkinçilik berýär, il-ulsuň ruhy galkynyşynyň ýokary derejelere göterilmegine esas bolup hyzmat edýär.
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.
Bagtyýar geljegiň binýadyny gurjak ýaşlaryň okamagy, döretmegi, gurmagy, işlemegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys.
Azizahan RAHIMOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler