Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykaryldy, kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky giň gerimli wezipeleriň üstünlikli çözgüdi esaslandyryldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynda möhüm özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň netijeli durmuşa ornaşdyrylmagy, şonuň bilen bir hatarda, önümçilikde ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlarynyň işjeň ulanylmagy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagyny şertlendirdi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilip, kabul edilen döwlet we milli maksatnamalara laýyklykda, geljek ýedi ýylda bazar ykdysady gatnaşyklary ýörelgelerine laýyklykda, sebitde, galyberse-de, dünýäde bäsdeşlige ukyply bolan dolandyryşyň ykdysady gurallarynyň täze, has netijeli usullaryny girizmek, durmuş ugurly ykdysadyýetiň binýadyny kämilleşdirmek, ykdysadyýete täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly täze pudaklary we önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň pudaklarynyň we telekeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylar. Ykdysady-hukuk dolandyryşy babatda bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanyp, ýurduň ösüşlerinden, ýagny senagatlaşmak, intellektual ösüş, sanlylaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýet, ykdysady we azyk howpsuzlygy ýaly ugurlardaky ösüşlerden ugur almak bilen, ýurdumyzyň institusional düzümini yzygiderli kämilleşdirmek meýilleşdirildi. Şunda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň bäsleşikli şertlerde hereket etmegini gazanmak maksady bilen, sagdyn bäsdeşligi höweslendirýän, maliýe bazarlarynyň düzümleriniň, maliýe we karz ulgamlarynyň ösdürilmegi göz öňünde tutulýar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny artdyrmaga we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga hem-de abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen işler maksatnamalaýyn esasda amal edilýär.

Goý, halkymyz üçin, Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin ägirt uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mekan ÝAZKURBANOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok