Söýýän güýz paslyny, sarylygyny..

  • Güýz — söýginiň pasly. Şahyryň aýdyşy ýaly, söýmedige güýze düşünmek ýokdur.
  • Biz güýze: «Tylla güýz» diýýän bolsak, käbir ýurtlarda güýzüň reňki gyzyl reňk hasaplanýar.
  • Irlandiýada köp adam häzir hem awgust, sentýabr, oktýabr aýlaryny güýz hasaplaýar. Olar noýabry eýýäm gyşa degişli hasaplaýarlar.
  • Güýzde kalbymyň durnalara goşulyp, alyslara uçup gidesi gelýär.
  • Göwnüme bolmasa, ýazda — çagalyk, tomusda — juwanlyk, gyşda — gojalyk döwrüni başdan geçirýän tebigat güýzde kämillige ýetýär, agras keşbe girýär.
  • Altyn güýz her ýyl gaýtalanýar. Ýöne her ýaşda onuň gelşi başgaça.

Batyr MEREDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok