Milli senenamamyzyň “mizan” döwri dowam edýär

Milli senenamamyz boýunça 23-nji sentýabrdan mizan başlanýar. «Mizan» arap sözi bolup, «terezi» diýmekdir. Bu döwürde gije bilen gündiz bolsa deňleşýär. Şonuň üçin ol şeýle atlandyrylypdyr. Mizan döwründe hemme ekinler, giç bişýän üzümler hem doly bişýär. Hatda şaly hasyly-da mizanyň ahyryna çenli dänesini gatyryp ýetişýär. Şu döwürde meýdandaky ekiniňi ýygnap aljak bolmaly. Görnüşi ýaly, 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýän mizan döwri howanyň duýdansyz üýtgäp bilýän sepgidi hasaplanýar.

Mizan döwründe gündogara tarap uçup barýan gazdyr durnalar pesräkden uçsalar, sowugyň ir düşjekdiginiň, eger-de belentden uçsalar, maýyl howanyň heniz-henizler dowam etjekdiginiň alamaty hökmünde kabul edilýär. Dogry, mizan döwründe yssy günler hem bolýar. Emma oňa derek gijelerine howa çigreýär, sowaýar. Käbir ýyllarda sowuk howa akymynyň aralaşmagy netijesinde oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Şonuň üçin-de, «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýen atalar sözi döräpdir. Hatda garynjadyr mör-möjekler hem mizan döwründe hereketlerini haýalladýarlar we gyşa özboluşly taýýarlyk görüp başlaýarlar. Diýmek, mizanyň duýduryjy häsiýeti-de bar. Ol tomus bilen gyşyň arasyndaky terezi ýaly, ölçeg döwrüne meňzeýär.

Aknur MYRATGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok