Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp, dürli çäreler geçirilýär. Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly barada näçe aýtsak-da, az bolýar. Öz ýurduny jandan söýen, halkyny gözüniň göreji ýaly gören dana şahyryň döredijiligi bu gün äleme ýaň salýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny şygryýetde sözlerden çemen baglan bagban — beýik Pyraga bagyşlamak bilen, onuň döredijiligine, ömür ýoluna bolan belent sarpasyny beýan edýär. Magtymguly Pyragy hakynda ýazylan eser özüniň öňe sürýän pikir akabalary bilen okyjynyň kalbyny heýjana getirýär. Sebäbi şeýle beýik söz ussadymyzyň döredijiliginiň tutuş adamzadyň ruhuna özboluşly täsirliligi bar. Şeýle täsirliligi kalplarda oýarmak ukyby arşdan berilýär.

Türkmenleriň ýaşulusyndan başlap ýaşkiçisine çenli, öz hakykatyny delillendirmek üçin hem Magtymguly Pyragynyň eserlerine ýüzlenýär. Sebäbi hakykaty diňe — hakykat bilen subut edip bolýar. Her bir hakykat başga bir hakykatyň düýbi-damarydyr. Hut şonuň üçin Magtymguly Pyragynyň eserlerini okan okyjyny oýa gidirýär.

Almagül AŞYRMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok