«Durna geçdi, duluňy ýap..»

Gökde uçup barýan durnalary görmek ynsana özboluşly duýgy bagyşlaýar. Her gezek göreniňde, sazlaşyp çykýan «gyrruw-gyrruw» seslerini, toýnuk şekilli hataryny haýran galman synlamak mümkin däl. Halkymyz durnalar hem-de olaryň göçi hem uçuşy bilen köp durmuş wakalaryny, ýagny gözellik, agzybirlik, sag-aman yzyňa dolanmak, bir başa bakmak ýaly ýagdaýlary baglanyşdyrýarlar.

Durnalar topar bolup ýaşaýarlar. Her toparyň hem öz toparbaşysy bolup, ol baryljak ýere belet bolýar. Olar uzak ýola uçanlarynda, toparyň başyny ýaş durna çekýär. Sarygamyş kölünde mekan tutan durnalar alty aý ýaşap, güýz golaýlanda şol ýerde kemala gelen ýaş durnalary, ýola şaýlanmazdan öň, uzak ýola taýýarlap ugraýarlar. Uly ýaşly durnalar 6 aýlyk ýaş durnalary her günde az-azdan, ilki pessaý uçup, ýakyn aralyga uçmaga türgenleşdirýärler.

Durnalar guşlaryň diýseň täsin görnüşleriniň biridir. Olar guşlar maşgalasynyň durna şekilliler toparyna degişli bolmak bilen, örboýuna duran mahaly boýy 90-115 santimetre ýetýär. Iň iri durna hasaplanýan ak durnalaryň agramy 10 kilograma çenli bolup, ganatynyň gerimi 200-260 santimetre, boýy 120-140 santimetre ýetip bilýär. Durnalaryň guýrugy kelte bolýar. Olar aglaba açyk meýdanda, sähra ýerlerinde, suwly ýerlerde ýaşap, däne, ot, miweler bilen iýmitlenýärler. Dünýäde durnalaryň 5 urugy, 15 görnüşi bardyr. Olaryň aglaba görnüşleri Demirgazyk Afrikada, Demirgazyk Amerikada, Awstraliýada, Hytaýda, Hindistanda, Täze Gwineýada ýaýramak bilen, Türkmenistanda 3 görnüşi duş gelýär. Olar çal durna, gara durna we ýapon durnasydyr.

Pena BABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok