Durmuşymyzy ýeňilleşdirýän mümkinçilikler

Globallaşma prossesini dürli görnüşde emele getiripdirler. E.Meddisonyň “Dünýä ykdysadyýetiniň kontorlary 1-2030 ý.ý.” diýen kitabyna esaslanyp adamzat siwilizasiýasy öz ösüşinde 6 sany globallaşma etabyny geçiripdirler. Globallaşmanyň 5-nji etabynyň esasynda halkara ykdysady gatnaşyklar giňäp başlapdyr, halkara guramalar döräpdir, integrasion birleşmeler giňäpdir. Adamlaryň ykjamlygy güýçlenipdir.

Globallaşmanyň altynjy etaby 70 ý.ý başynda başlap dünýä ykdysadyýetinde integrasion birleşmeleriň we transmillikompaniýalaryň emele gelmegi bilen baglanşykly. Bäşinji we altynjy etaplaryň iň bir esasy gazananlaryna halkara guramalar bolan “Bütin dünýä söwda guramasy”, “Halkara pul gaznasy” hem-de global derejede töleg ulgamlary bolan SWIFT, VISA, Europay-dir.

XXI asyryň çäginde adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde ýurtlaryň we halklaryň dünýä derejesinde tor arkaly işjeň öz bilimleri, tehnologiýalary bilen alyş- çalyş etmäne täze ymtylyşlar göze görnüp başlady. Dünýä derejesindäki maliýe krizisinden soňra (2008-2009 ý.ý) ýurduň daşyna kapitaly çykarmak peseldi we ABŞ-nyň Prezidenti D.Trampyň birnäçe baglaşan halkara ykdysady şertnamalaryndan çykany (pozany) we gümrük päsgelçilikleri ykdysady globallaşmanyň durup galmagyna (pese gaçmagyna) getirendikleri barada ýazyp başladylar. Emma hyýaly harytlaryň, kriptowalýutalaryň giňden ýaýramagy transserhet derejesinde, globallaşmanyň täze derejesini – “sanly globallaşma” geçmek. Sanly globallaşma diňe bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrman, eýsem dünýä bazarynda täze kanallary açmaklyga bahalaryň global derejede elektron zynjyrlarda emele gelmegine getirýär.

Häzirki zaman sanly tehnologiýalary diňe bir dünýä boýunça biziň nädip haryt we hyzmat öndürýändigimize täsir etmän, eýsem biziň nähili edip işimizi ýöredýändigimize, nädip boş wagtymyzy geçirýändigimize, nädip özümiziň jemgyýetçilik hukugymyzy amala aşyrýandygymyzy, nädip çagalarymyzy terbiýeleýändigimizi hem täsir edýär. Adamlar global derejede sanly platformalary okuw, boş iş ýerlerini gözlemek, öz döredijilik ukybymyzy aýan etmek we sosial torlar arkaly bir-birleri bilen gepleşmek üçin peýdalanylýar.

Şeker ABDYRAHYMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok