Bilim — rowaçlyklaryň gözbaşy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde bilim ulgamynyň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk üpjün etmek maksady bilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Ösen ýurtlaryň tejribesini we ösüşini nazara alyp, ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleri özleşdirmegi bilen baglanyşykly döwlet derejesinde birnäçe işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen eziz Diýarymyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, olarda iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly tejribe toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda iri halkara guramalary, belli bilim we ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini we ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.

Täze taryhy döwrüň bilim ulgamyndaky özgertmeler ýaşlaryň dürli ugurlar boýunça bilim almaklaryny, hünär öwrenmeklerini we ýokary tehnologiýalardan baş çykarmaklaryny utgaşykly ýola goýmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda ýaşlaryň akyl, ahlak we beden taýdan sazlaşykly ösüşine uly ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady hem kämilleşdirilýär. Geçen ýylyň dowamynda welaýatymyzyň çäginde, ýagny Şabat etrabynyň Buýanly obasynda we Daşoguz şäherinde her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň, şeýle hem 240 orunlyk çagalar bagynyň ulanylmaga berilmegi aýdanlarymyza aýdyň güwä geçýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işler biz — bilim işgärlerini diýseň buýsandyrýar. Bize netijeli işlemek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Selbi AGAÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň fizika mugallymy,
TKA-nyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok