«Ýyly suw» şypahanasy

«Ýyly suw» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň günortasynda, Köpetdagyň eteginde ýerleşýär. Bu ýerdäki mineral suwlaryň bejerijilik aýratynlyklary 1974-nji ýylda mälim edilendir. «Ýyly suw» şypahanasynyň täze taryhy 2009-njy ýylyň 28-nji noýabrynda başlanýar. Şol gün Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen şypahananyň 80 orunlyk täze binasy açylýar. 2011-nji ýylyň dekabr aýynda ýene 200 orunlyk täze binasy gurlup ulanylmaga berilýär. Şypahanada raýatlara döwrebap hyzmat etmek üçin ähli şertler döredilendir.

«Ýyly suw» şypahanasynda jana melhem suwlary bolan 6 sany dik guýy bar. Bu guýularyň çuňlugy 600 metrden 2100 metre çenli uzaýar we olaryň her birinden çykýan suw (temperaturasy 24-den 50 derejä çenli) özboluşly bejeriş häsiýetine eýedir. Guýularyň ikisiniň suwy içimlik, galan dördüsi bolsa wanna görnüşinde peýdalanylýar.

Gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşýän şypahananyň daşky gurşawynyň tebigaty göwnüňi galkyndyryjy bolsa, bu ýeriniň tämiz dag howasy hem jana melhemlikdir. Şypahananyň töweregine ekilen müňlerçe düýp nahallar ýetişip, boý alyp, uly tokaýlygy ýadyňa salýar.

Şypahanada 3 bölüm bolup, bu ýerde raýatlara göwnejaý dynç almak, saglygyny dikeltmek üçin giň hyzmatlar toplumy hödürlenilýär. Ýylyň ähli paslynda şypahana köp adamly bolýar. Çünki bu ýerde bejeriş-öňüni alyş çäreleriniň hemmesi ýapyk binalarda geçirilýär. Bu bolsa howa ýagdaýlaryna garamazdan, ýylyň bütin dowamynda raýatlara ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemäge giň şertleri döredýär.

Şirin GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok