Ynsanperwerligiň belent nusgasy

Golaýda Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi hem ýurdumyzda ynsanperwerlige goýulýan sarpanyň aýdyň subutnamasy boldy. Bu döwlet sylagy — «Arkadag» medaly hakynda Düzgünnamada bellenilişi ýaly, adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldamak, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren adamlary sylaglamak maksady bilen döredildi.

«Arkadag» medaly bilen döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, eneligiň we çagalygyň bähbitleriniň üpjün edilmeginde, enäniňdir çaganyň abraýynyň, mertebesiniň goralmagynda, jemgyýetde çagalara mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren raýatlar sylaglanylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin bu ýokary sylaga mynasyp boldy.

Muhammet ÇARYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok