Türkmen halky tamdyra, çörekdir duztorba hemişe mukaddeslik hökmünde garap gelipdir. Tamdyryň her bir türkmen howlusynyň arassaja bir böwründe gurulýandygyny hemmämiz bilýäris. Zenanlarymyz onuň daş-töweregini hemişe arassa saklaýarlar.
Tamdyrlar toýun palçykdan örülip ýasalýar. Çörek ýapylanda arkasyna kesek ýapyşmaz ýaly, tamdyryň iç ýüzüne ýagly çorba, şerebe sepilip, otda gowy daglanýar. Tamdyrda çörek bişirilip başlanmazdan ozal, onuň içinde ep-esli wagt ot ýakylyp, gowy bişirilýär.
Tamdyrlar, adatça, iki hili bolýar. Olaryň biri adaty tamdyr bolsa, beýlekisi ýer tamdyrdyr. Ýer tamdyrlar wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerde, toýun toprakly ýerde ýerden gazylyp edilýär. Ýer tamdyrlarda çörek ýapylanda, adaty tamdyrdan tapawutlylykda, oturyp ýapmaly bolýar.
Asman gümmezini ýadyňa salyp, Ýer togalagynyň deň ýarsyna meňzäp, gümmezekläp duran türkmen tamdyrynda düşündirip bolmaýan bir kerem-keramat bar. Bu şübhesiz. Islendik türkmen zenanynyň tamdyryň ýanyndan biparh geçip bilmeýändigi, megerem, şonuň üçindir.
Oguljemal KÖROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler