Azerbeýjan Respublikasynyň paýtagt şäheri Bakuda geçirilen «Korkut Ata» türki dünýäsiniň halkara film festiwalynda türki dünýäsiniň kinematorafiýasynyň ösüşine goşan goşantlary üçin türkmen halypa artistleri we režissýorlary Hojadurdy Narlyýew, Maýagözel Aýmedowa we Çaryýar Seýitliýew hormat sylagynyň eýeleri boldy.
Belläp geçsek, Maýagözel Aýmedowa 1941-nji ýylyň 28-nji maýynda Aşgabatda dünýä indi. 1964-nji ýylda Moskwada ýokary okuw mekdebi tamamlandan soň, Aşgabatdaky Türkmen ýaşlar teatrynda (häzirki Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynda) aktrisa bolup işleýär. Teatrda A.Steýniň “Aýdymly çägeler” pýesasynda, K. Goldoniniň, A.Ostrowskiniň eserlerine esaslanan rollarda oýnady. Ol “Türkmenfilm” kinostudiýasynda adamsy H. Narlyýewiň filmleriniň köpüsinde rol aldy.
Şeýle hem Hojadurdy Narlyýew barada bellesek, ol 1945-nji ýylyň 20-nji awgustynda Goja obasynda dünýä indi. Aktýor we ssenarist Hojaguly Narlyýew S.Gerasimowyň we T.Makarowanyň ussahanasynda tälim aldy.
1962-1964-nji ýyllarda “Turkmenfilm” kinostudiýasynda işledi, 1970-nji ýyldan bäri bu kinostudiýada režissýor we aktýor bolup işleýär.
Teswirler