Sagdyn durmuşyň gadry

Halkymyzyň saglygy barada edilýän alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeler bilen sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, adamyň beden agzalarynyň mümkinçilikleriniň açylmagy hem-de olaryň kadaly hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meselelere lukmançylyk ylmynda aýratyn ähmiýet berilýär. Pyýada gezelenç etmek bolsa, onuň işjeňligini artdyrýar we uzak ýaşamaga ýardam edýär. Bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak adamlarda şahsy häsiýetleriň, işjeň durmuş hereketiniň kemala gelmegini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport we bedenterbiýe adamyň saglygynyň köpugurly guraly we onuň ukyplarynyň amala aşmagynyň esasy şerti bolup durýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sportuň ösdürilmegi, oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Şeýlelikde ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş we sport işleri döwletiň we jemgyýetiň, milli Liderimiziň we agzybir türkmen halkynyň sazlaşygy hem-de tagallalarynyň bileleşmegi bolup durýar. Olar saglygyň sport üçin örän peýdaly bolup, öňde goýlan ähli maksatlara ýetmekde, iň gowy kömekçi bolup durýandygyna oňat düşünýärler.

Arkadagly Serdarymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan ,,Saglyk’’ maksatnamasy, onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goraýyş ulgamynyň halkara ülňüleriniň derejesine çykardy. Saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistan lukmançylyk işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýär.

Ogulbäbek ARAZNAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we
informatikasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok